Tokioda Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçiriler

Tokioda Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçiriler

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde meýilleşdirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag we logistika, şeýle hem hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar.

Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek EKSPO 2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň döwletiň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürler maslahatlaryň we forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumyny ýokary guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana geler
Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
Tokioda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçirildi