Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ähli türgenlere sanjym ediler

Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ähli türgenlere sanjym ediler

Halkara Olimpiýa Komiteti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikde Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak ähli türgenlere sanjym etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Telegraph-a salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Telegraph-yň belleýşi ýaly, bu babatda Halkara Olimpiýa Komitetiniň esasy maksady ýaşaýan ýurtlarynda heniz milli sanjym maksatnamalary başlamadyk türgenler üçin sanjym almak prosesini çaltlaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň COVAX maksatnamasynyň wekilleri bilen ösýän ýurtlary sanjym bilen üpjün etmek boýunça maslahatlaryň geçirilendigi habar berildi.

Gazetiň habaryna görä, käbir çeşmeler Halkara Olimpiýa Komiteti bilen BSGG-niň türgenlere sanjym etmek baradaky ylalaşygynyň käbir jedelleriň döremegine sebäp boljakdygyny aýdýar.Angliýanyň Olimpiýa birleşiginiň direktory Endi Enson "kiçi" ýurtlar üçin sanjym kömeginiň täze meýilnamasynyň Halkara Olimpiýa Komiteti üçin "çynlakaý meseledigini" aýtdy.

Ol Halkara Olimpiýa Komitetiniň COVAX bilen "ýakyndan işleşendigini" tassyklady.Anna güni “Taýms” gazetinde çap edilen Olimpiýa oýunlaryny ýatyrmak kararynyň ýapon häkimiýetleri tarapyndan ýuwaşlyk bilen kabul edilendigi we indi olaryň Tomusky Olimpiýa oýunlaryny Tokioda 2032-nji ýylda geçirmekçi bolýandygy baradaky makala köpçülikleýin nägilelik döretdi.

Soňra bu maglumatlar Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan inkär edildi.Hususan-da, Tokiodaky Olimpiýa oýunlary ministri Seiko Haşimoto Ýaponiýanyň hökümetiniň, guramaçylyk komitetiniň we Tokionyň ýolbaşçylarynyň oýunlara taýýarlyk görmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda baýramçylyk söwdasy ýola goýuldy we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen wekiliýeti Owganystan boýunça Moskwa formatynyň bäşinji mejlisine gatnaşdy
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy
BMG-de dünýädäki ýagdaýa baha berdiler
Täjigistanda dynç alýan russiýaly jahankeşdeler köpelýär
Malaýziýada täze Patyşany saýladylar