Toyota birnäçe zawodynda önümçiligini togtadýar

Toyota birnäçe zawodynda önümçiligini togtadýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada önümçiligini togtatmak meýilleri barada mälim etdi: şaý toplumlarynyň ýetmezçiligi we COVID-19-yň ýaňadan örç almalary bilen baglanyşykly alty zawodda dokuz liniýanyň işi togtadylar, olar awgustyň 1-den 31-i aralygynda 18 günläp işsiz durar.

COVID-19-yň täze ştammynyň ýaýramagy we ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi bilen bagly entegem dowam edýän düýpli kynçylyklar - Toyotanyň öz zawodlaryny doly güýjünde işledip bilmeýänliginiň esasy sebäpleri bolup durýar.Mundan hem başga, kompaniýa güýzde we ondan soňraky boljak ýagdaýlary öňünden çaklap bilenok. Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Toyotanyň ýapon zawodlary meýilleşdirilenden 50 müň ulagy kem goýberer, Toyotanyň iýul aýynda umumy dünýä möçberindäki önümçiligi, takmynan, 700 müň ulagdan ybarat, olaryň 200 müň sanysy Ýaponiýada çykarylmaly.

Iýul aýynda Toyota kompaniýasy Toyota RAV4-iň, Harrier-iň, Grown-yň, Noah-yň, Voxy-niň, MIRAI-niň, bZ4X-iň we GR Yaris-iň, şeýle hem az mukdarda goýberilýän Lexus LG kaşaň kupeniň goýberilýän Motomaçi we Takaoke zawodlarynda dört liniýanyň togtadyljakdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

“Toyota” “Volkswagen”-den öňe geçdi
Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar
Satuwy ýokarlandy
66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy