“Toyota”-nyň sürüjisi “Hyundai”-niň sürüjisinden öňe saýlandy

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 4-nji ýaryşy Portugaliýada geçirildi. 20 tapgyrda ybarat bolan ýaryşda 3 sagat 38 minut 26,2 sekuntda pellehana gelen “Toyota Gazoo” toparynyň britan sürüjisi Elfin Ewans ýeňiş gazandy.

Bu onuň karýerasyndaky 4-nji ýeňşi bolup, ol utugyny 77-ä ýetirip, ikinji basgançaga beýgeldi. Ýaryşda “Hyundai Shell Mobis” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Dani Sordo ýeňijiden 28,3 sekunt soň pellehana gelip, 2-nji ýeri eýeledi.

Ewansyň topardaşy, fransiýaly meşhur sürüji Sebastian Ožie ýeňijiden 55,3 sekunt yza galyp, münberiň üçünji basgançagyna çykdy.

Tamamlanan 4 ýaryşdan soň 79 utuk toplan Ožie liderligini dowam etdirýär. 77 utukly Ewans 2-nji 57 utugy bolan belgiýaly Tierri Noýwill (“Hyundai Shell Mobis”) 3-nji orunda barýar.

Möwsümiň 5-nji ýaryşy 3-6-njy iýun aralygynda Italiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Toyotalylara” Ýaponiýada taý tapylmady
“Toyotalylara” taý tapylmady
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy
50-nji ýeňşi
Ožieniň 7-nji çempionlygy