TRT World Forum-2022” Öz Işine Başlady
Liderleri duşuşdyrýan TRT World Forum-2022 “Geljegi gurmak: Näbellilikler, Hakykatlar we Pursatlar” temasy bilen Stambul şäherinde öz işine başlady.
Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň, dünýaniň gün tertibinde esasy orun eýeleýän ugurlara ünsi çekýän guramaçylygy bolan TRT World Forum dekabr aýynyň 9-10-y aralygynda Stambulda geçirler. Şu ýyl VI geçirilýän forumda 40 ýurtdan 100-e golaý doklatçy çykyş eder.
TRT World Forumyň birinji gününde Prezident R. T. Erdogan, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, TRT-niň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Ahmet Albaýrak, TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy bilen dünýäniň çar tarapyndan gelen alymlar, bilermenler, žurnalistler, syýasatçylar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýar.
2017-nji ýyldan bäri geçirilýän TRT World Forumlaryna gatnaşyp Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky çykyşlary bilen dünýäde uly seslenme dören Prezident R. T. Erdoganyň şu ýyl “Geljegi gurmak: Näbellilikler, Hakykatlar we Pursatlar” temasy bilen Stambul şäherinde geçirilýän TRT World Forum-2022-ä hem gatnaşyp möhüm ýüzlenmeler bermegine garaşylýar.
Prezident R. T. Erdoganyň geçen ýyl TRT World Forum 2021-iň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Pandemiýa etabynda dünýäde parahatçylygy we adalaty ýola goýmak jogapkärçiligini öz üstüne alan guramalar synagdan geçip bilmedi” we “BMG-nyň düzümi üýtgedilme” diýen sözleri uly beýan tapypdy.
TRT World Forum 2022-niň birinji gününde, “Halkara azyk howpsyzlygynyň üpjün edilmegi”, “Dezinformasiýa: Digital döwürde hakykatlary goramak”, “ Energetika krizisi we howa çalşygy: Krizisi pursada öwürmegiň wagty geldimi” atly oturlyşyklar geçirler.
Forumyň ikinji gününde bolsa “Digitallaşma: Jemgyýetçilik ýaýlymlary üçin amatly etapmy”, “Halkara immigrant krizisi”, “Russiýa-Ukraina söweşi” we “Söweş astynda žurnalistlik” atly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
TRT World Forum 2022, TRT World Forum Twitter we ÝouTube arkaly göni ýaýlyma berler.