TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe başlady

TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe başlady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe başlady. Bu merkezde:

— döwletiň hususy pudagynyň, ýuridiki şahslarynyň we raýatlaryň işewürlik taslamalaryna guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady we ekologiýa seljermesini bermek; — maýa goýumlary çekmek we taslama işlerini durmuşa geçirmekde taraplaryň işini utgaşdyrmak boýunça degerli ýardamlary we maslahatlary bermek; — ozal ýola goýlan, ýöne esasly sebäplere görä işi dowam edip bilmeýän işewürlere (telekeçilere) amatly şertler we täze mümkinçilikler babatda degişli kömekleridir maslahatlary bermek; — daşary söwda gatnaşyklarynda iş alyp barjak taraplara ykdysady-dolandyryş işleri (salgyt, gümrük paçlary, aktiwler we ş.m) boýunça maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek; — döwletiň hususy pudagynyň ykjam we netijeli hereket etmegi üçin ulgamyň ähli ugurlary boýunça degişli (gyzyklandyrýan) temalarda (mowzuklarda) maslahat-okuwlary hem-de göni gepleşikleri guramak, geçirmek we ş.m.

boýunça işler ýola goýlan.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 174-nji jaýy (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda).

Telefon belgisi: +993 64 88-45-98.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň okuw merkezleriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçirildi
Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady
TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe girizildi
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen zenan telekeçisi doňdurylan gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň önümçiligini alyp barýar
Marynyň täze balyk hojalyklary özlerine azar berilýändigini, telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny aýdýarlar