Türk Awiasiýa Guramasy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygyny Ösdürýär

Türk Awiasiýa Guramasy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygyny Ösdürýär

Rektor Rahmi Er Türkmen howaýollary üçin hünämenleriň taýýarlanmagy üçin talyplaryň gelmegine garaşýandyklaryny beýan etdi.

Professor Rahmi Er Türkmen howaýollarynyň başda durmagynda dost we doganlyk ýurtlaryň awiasiýa pudagynda zerurlyk duýýan hünärmenlerini taýýarlamak üçin meýilnamalaryň düzülendigini aýtdy.

Rektor Er “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysyna beren beýannamasynda Türk awiasiýa guramasynyň uniwersitetinin ýurduň diňe awiasiýa we kosmos ylymlary pudagynda bilim berýän ýeke-täk tematiki ylym ojagydygyny aýtdy.

2011-nji ýylda açylan uniwersitet awiasiýa we kosmos ylymlarynda goranyş senagatynda öňbaşçy guramalaryň başda durmagynda pudagyň zerurlyklaryna lşaýyklykda bilim berýändiklerini we pudaga hünärmen taýýarlaýandyklaryny beýan eden Er, şol çäkde teswirnamalara gol çekendiklerini aýtdy.

Daşary ýurtlardan uly isleg bildirilýändigini mälim eden rektor Er, Türkmen howaýollarynyň islegine laýyklykda ilki uçarman zururlygyny kanagatlandyrmak üçin ylalaşyga gol çekendiklerini, Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde gazanylan ylalaşyga laýyklykda ilkinji pilotaž talyplarynyň ylym ojagynda bilim almaga başlajakdygyny mälim etdi.

Rahmi Er Türkmen howaýollary üçin diňe bir uçarman taýýarlamak bilen çäklenmejekdiklerini nygtap, bildiriljek isleglere görä dispeçer hünärmenleriniň, uçar tehnikleriniň, awia logistika boýunça hünärmeleriň taýTürk Awiasiýa Guramasy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygyny Ösdürýärarlanyp bilinjekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri 5-nji Antalýa Diplomatiýa Forumy üçin Türkiyä ýygnanarlar
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy aprel aýynyň ikinji hepdesinde geçirler
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady
Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy