
Kojailiniň Gebze etrabynda ýolda ýöreýän wagty pyçaklanan Türkmenistanly göwreli zenan, 34 ýaşly Kunduz Ysmaýylowanyň kesilip alynan 6,5 aýlyk bäbegi 5 gün soňra ýogaldy diýip türk mediasy ýazýar.
Bu waka 4-nji awgustda Gebzäniň Bagdat köçesindäki seýilgähde bolýar.Ysmaýylowa öýüne barýarka, ýanyna gelen kişi tarapyndan pyçaklandy.Töwerekdäkileriň habar bermegi bilen wakanyň bolan ýerine polisiýa we saglyk topary geldi.
Gebzede hususy hassahana ýerleşdirilen zenanyň 6,5 aýlyk bäbegi kesilip alynyp, ýörite gutyda saklandy.Emma, bäbek 5 gün soňra ýogaldy we Baljik mazarlygynda jaýlandy.
Ysmaýylowa saglygyna howpy ýeňmegi başardy. Oňa hüjüm eden, akly känbir ýerinde bolmadyk G.M. tutuldy we tussaghana ýollandy.
Bir harby hünärmene durmuşa çykan Ysmaýilowa wakanyň bolan güni özüni 3 kişiniň yzarlaýandygyny syzypdyr. “Menden pul soradylar. Pulum ýok, agam diýdim. Ýanymdaky 5-6 lirany almadylar. 100 lira soradylar.Menem ýok’ diýenimde, pyçaklady.Soňra gaçyp gitdi. Ýanyndakylar hem gaçdylar”diýip ol aýdýar.
Onuň aýal dogany Ýyldyz Ysmaýylowa Kunduzuň ýaşaýşyna howpy ýeňendigini habar berýär diýip neşir ýazýar.
**
Türk metbugatynyň maglumatyna görä, Izmiriň Çeşme etrabynda pajygaly ýol heläkçiliginde motorly iýip-içgi daşaýan, 48 ýaşly Türkmenistanly aradan çykdy.
Maglumatlara görä, Çeşmäniň Dalýan etrapçasynda 48 ýaşly Begenç Tarhanowyň ulanan kurýer motory Ö.S-niň sürüp barýan wakuum ýük ulagynyň ýanyndan geçýän wagty agdarylyp, süýrenýär. Habar berilenden soňra, wakanyň bolan ýerine 112 “tiz kömek” we polisiýa topary barýar.
Kurýer Begenç Tarhanowyň pajygaly ýol heläkçiliginiň bolan ýerinde aradan çykandygy bildirildi.
Türkmenistanly Tarhanowyň jesedi Izmiriň kazyýet lukmançylyk merkezine alynyp gidildi we wakuum ýük ulagynyň sürüjisi Ö.S. tussag edildi diýip türk mediasy habar berýär.
**
Stambulyň Kagithane Gültepe polisiýa merkeziniň toparlary ençeme wagt bäri yzarlaýan “Gara Myrat” lakamly kişiniň öýüni basdy diýip türk mediasy ýazýar.
Kagithane etrap polisiýasyna bagly şehit Mehmet Pat adyndaky jenaýatlary derňeýän departamentiniň toparlaryna “Gara Myrat” lakamly biriniň neşeleriň bölek söwdasyny edýändigi barada maglumat gowuşdy. Munuň bilen bagly işlere başlan polisiýa topary şol kişiniň Gültepe etrapçasynda ýaşanadygyny anyklady.
“Gara Myrady” birnäçe wagtlap yzarlan polisiýa onuň öýüni basdy. “Gara Myrady” hereketsiz ýagdaýa getiren polisiýa topary onuň öýüni barlanda, bir telefon gutydan ýarym kilograma golaý geroýin, biraz metamfetamin, Afýon sakyzy, kiçijik terezi we neşe söwdasyndan gazanylan 4 müň 690 lira we 502 dollar ele saldy.
Barlaglardan soň hereketsiz ýagdaýa getirilen Türkmenistanly Isahan A. tutulyp, polisiýa äkidildi.
Polisýada sorag edilenden soňra,’torbaçy’ kişi kazyýete çykarylanda,“neşe hem kuwwat beriji maddalary taýýarlamakda,satmakda”aýyplanyp, tussag edildi we türmä ýollandy diýip türk mediasy habar berýär.The post Türk mediasyna syn first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.