Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: Türkiýäniň taryhynda ilkinji gezek” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Polşanyň Prezidenti Andreý Sebastian Duda bilen iki ýurduň arasyndaky ylalaşyklara gol çekişilmeginden soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Türkiýe taryhynda ilkinji gezek NATO we ÝB-ne agza ýurtlardan birine uçarmansyz howa ulagyny eksport eder” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Duda: Türkiýe sebitdäki iň esasy hyzmatdaşymyz” söz başyly habarynda, Polşanyň Prezidenti Dudanyň Türkiýäniň sebitdäki iň esasy hyzmatdaşydygyny beýan edip: “NATO-nyň çäginde-de iki ýurduň daşarda gelmegi ähtimal howplaryň öňüni alyp biljekdigine ynanýaryn” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Gara deňizden tebigy gaz buşlugy” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmezin Sakarýa gaz känindäki soňky täzelikler hakynda beren beýannamasynda, Gara deňizdäki täze barlaglara ünsi çekip; “Täze habarlar üçin iýuna garaşalyň. Dowam edýän barlaglar iýun aýynda tamamlanar. Filýos, Gara deňiziň çuň deňiz burawlaýyş işlerinde merkezi baza öwrüler” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýeden Hytaýa 6 we 7-nji eksport otlulylar ýola düşdi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda 6 we 7-nji eksport blok otlularynyň Kojaeli welaýatynyň Kartepe etrabyna ugrandygyny ýazýar. Ýerli harytlary alyp barýan otlular 12 günde 4 ýurtdan geçip, Hytaýyň Sian şäherine barar.

“Hürriýet” gazeti “Syhaatçylar çäklendirmelere garamazdan Türkiýeden el çekmeýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Myhmanhanaçylar federasiýasynyň Başlygy Sururi Çorabatyryň koronawirusa garşy görülen çäklendirmelere garamazdan Türkiýä gelýän myhmanlaryň ýurtlaryna ynam bilen dolanýandyklaryny beýan edip: “Myhmanlarymyz gören çärelerimize laýyklykda hödürlenýän hyzmatlaryň hilini bilýändikleri üçin ýurtlarynyň goýan çäklendirmelerine garamazdan bizi saýlap alýar” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

Ýene degişli makalalar

Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany 531-e Ýetdi
Geçen ýyl daşary ýurtlylar Türkiýäniň 70 welaýatyndan ýaşaýyş jaý satyn aldylar
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny