Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Kalyn: Türkiýe indi daşyndaky gabygyny döwdi" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň düýn Stambulda beren beýanatynda: "Türkiýe indi daşyndaky gabygyny döwdi. Soňky 15-20 ýylda edip bilmersiňiz, etmegiňize ýol bermeris diýilen ähli zatlary edip bir gyra süýşürdi" diýendigini habar berýär.

Hürriýet gazedi: "Ministr Soýlu Gresiýanyň Migrasiýa we Sygynma ministri Notis Mitarakis bilen duşuşyk geçirdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň we Gresiýanyň Migrasiýa we Sygynma ministri Notis Mitarakisiň geçiren ikiçäk duşuşyklaryndan soň, Ankara şäherinde ýerleşýän Howpsuzlyk we adatdan daşary ýagdaýlar koordinasiýa merkezinde toparara duşuşyk geçirendiklerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşykda, migrasiýa, terrora garşy göreş we howpsuzlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Sabah gazedi: "Bill Geýts we Jeff Bezos Bodrumdaky dynç alyşlaryny dowam etdirýärler" söz başyly habarynda, Tehnologiýa kärhanasy Microsoftyň esaslandyryjysy Bill Geýtsiň "Lana" atly we Amerikaly e-söwda ägirdi Amazon kärhanasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň "Flying Fox" atly mega ýahtalary bilen Bodruma gelendiklerini mälim edýär.

Takmynan 10 gün bäri millionlarça dollar gymmadyndaky ýahtalary bilen Izmir, Aýdyn we Mugla welaýatlarynyň kenarlaryna gezelenç eden Bill Geýtsiň we Jeff Bezosyň Geýtsiň dogulan gününi bellemek üçin Bodruma gelendikleri beýan edilipdi.

Haber Türk gäzedi: "Türkiýäniň eksporty bilen importynyň arasynda tapawut çalt depginler bilen ýapylýar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň şu ýyl eksportda aýlyk we ýyllyk görkezijiler boýunça rekorda eýe bolup, eksportyň imprta bolan gatnaşygynyň 93,4 göterim bilen Respublika taryhynyň iň ýokary derejesine ýetendigini aýan edýär.

Star gazedi: "Wiktoriýa Zeýnep Güneşden taryhy üstünlik. Altyn medala eýe boldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli ýüzüjisi Wiktoriýa Zeýnep Güneşiň Ýewropada geçirilen çempionatda 400 metr aýratyn garyşyk kategoriýasynda altyn medala eýe bolup, Türkiýäniň ulylaryň arasynda ilkinji Ýewropa çempiony bolandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Dünýäniň iň baý kriptomilliarderleri milliarder bolmagyny bes etdi
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Bloomberg: dünýäniň iň baý adamlary 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda $1,4 trln ýitirdi
Sanaw üýtgedi