“Hürriýet” gazeti “Ministr Akaryň Siriýa operasiýa guramak hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Siriýanyň demirgazygyna guralmagy ähtimal operasiýa boýunça degişli çäräni görmäge taýýardyklaryny nygtap: “Wagty we ýeri gelende degişli çäre görüler” diýendigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “Çawuşogly Gresiýa soňky duýduryşy berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Egeýdäki ýaragsyz derejeli adalara goşun we ýarag getirilmegi hakynda durup geçip; “Gresiýa isleglerinden el çekmese adalaryn howpsuzlygy jedelli ýagdaýa geler” diýen sözlerine ünsleri çekýär. Çawuşogly, özygtyýarlylyk bilen bagly diskussiýalaryň başlandygyny hem nygtady.
“Watan” gazeti “Metbugat sekretary Kalyn NATO-nyň ýokary derejeli resmisi Ýenssen bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň Stain Ýenssen paýtagt Ankarada duşuşandygyny ýazýar. Duşuşykda Türkiýäniň NATO goşýan goşantlary, Şwesiýanyň we Finlandiýanyň NATO agzalyk tapgyrlary bilen Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşylandygyny mälim edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türk çaýy eksportdan 9,8 million dollar girdeji getirdi” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda edilen çaý eksportunyň 15 göterim artyp, 9,8 million dollara ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “13-nji Halkara TRT Dokumental film baýraklary dabara bilen gowşuryldy” söz başyly habarynda, TRT tarapyndan şu ýyl 13-njisi guralan “Halkara TRT Dokumental film bäsleşiginiň baýrak gowşurlyş dabarasy bilen tamamlanandygyny mälim edýär.
Dünýäniň ençeme ýurdundan iňňän ussatlyk bilen surata alynan dokumental filmleri kabul edendiklerini aýdan TRT-niň baş Müdiri Mehmet Zaihid Sobajy: “Ýurdumyz global adalat üçin irginsiz göreşýän bolsa, biz hem dokumental filmlerimiz bilen dünýäniň duçar bolan we bolýan adalatsyzlyklaryna ünsleri çekip, ynsanperwer çemeleşmäni ileri tutýarys” diýdi.