Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Galla koordinasiýa merkezi açyldy" söz başyly habarynda, Russiýa-Ukraina söweşi bilen başlan galla krizisini çözjek merkeziň düýn Stambulda açylandygyny mälim edýär. Bilelikdäki Koordinasiýa merkezinde Türkiýeden we BMG-dan resmiler bilen birlikde Russiýadan we Ukrainadan taraplar hem bar. Ukrainanyň portlarynda garaşdyrylýan 25 million tonnadan gowrak galla Stambulyň üsti bilen bütin dünýä ýetiriler.

Ýeni Şafak gazedi: "Yslam Raýdaşlyk oýunlarynyň açylyşyny Prezident Erdogan ýerine ýetirer" söz başyly habarynda, Konýa şäherinde 9-18-nji awgust aralygynda geçiriljek V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynyň açylyşyny Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýerine ýetirjekdigini habar berýär. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza 56 ýurtdan 6000 müňe golaý türgeniň gatnaşmagyna garaşylýan çärede spordyň 24 aýry görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler.

Star gazedi: "Tatar: Gündogar Ortaýer deňizinde Türk dünýäsiniň wekilidiris" söz başyly habarynda, DKTR-nyň Prezident Ersin Tataryň, kipr türkleriniň Gündogar Ortaýer deňizinde türk dünýäsiniň wekilidigini aýdandygyny beýan edýär. Tatar: "Şonuň üçin ahyryna çenli Gündogar Ortaýer deňizinde kipr türk halkynyň ýaşap bilmegi üçin Türkiýäniň doly goldawy bilen täze syýasatymyzy ahyryna çenli alyp barmalydyrys" diýip nygtady.

Watan gazedi: "Türkiýe maýa goýumlarda dünýäniň iň ynamdar portlarynyň biri" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň birleşýän nokady bolan Türkiýäniň şu günki gün maýa goýumlarda dünýäniň iň ynamdar portlarynyň biri ýadaýyna gelendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Mustafa Warank: "Türkiýe adam güýji, meýilnamalaýyn senagat zolaklary we itergi berilýän täzeçil ekoulgamy bilen isleg bildirilýän ýurtlaryň biri ýagdaýyna geldi" diýip belledi.

Haber Türk gazedi: "TOGG mart aýynda ýola çykar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Biržalar we Palatalar birleşmesiniň başlygy Rifat Hisarjyklyogly, 29-njy oktýabrda Türkiýäniň TOGG fabriginiň açylyşyny amala aşyrjakdyklaryny, 100 göterim elektrik tokda işlejek awtoulagy dünýä bazaryna çykarjakdyklaryny aýdandygyny aýan edýär. Rifat Hisarjyklyogly: "Mart aýynda ählimiz bilelikde ýerli awtoulaga münmäge başlarys" diýdi.

Ýene degişli makalalar

Safranboly zagpyrany Ýewropa Bileleşigi tarapyndan hasaba alyndy
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Türkiýäniň Siriýa Guramagy Meýilleşdirilýän Guryýer Operasiýasy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Penje Gylyç Howa Operasiýasy"
"Tel Rifatda, Manbiçde we Aýn Al Arabda gury ýer hüjümi guralyp bilner”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny