Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Ýewropanyň Türkiýäniň diplomatik güýjüne zerurlygy bar” söz başyly habarynda, gazetiň Baş redaktory Nuh Albaýragyň Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ýewropanyň häzirki wagtda Türkiye bilen ýakyn gatnaşykda bolmak isleýändigini aýdandygyny ýazýar. Ýewropanyň galla geçelgesi we energetika ugurlarynda Türkiýäniň başlangyçlaryna gönügendigini nygtan Albaýrak; “Ýewropa ýurtlarynyň Türkiýäniň diplomatik güýjüne zerurlygy bar” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Oktaý: Türkiýäniň býujeti maýadary höweslendirer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda 2023-nji ýylyň Merkezi dolanşyk býujeti hakyndaky kanun teklibi boýunça geňeşmeleriň başlandygyny ýazýar. Býujet boýunça çykyş eden Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň “Býujetimiz telekçileri we maýdarlary höweslendirer” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Abdülhamid Han gämisi burawlaýyş işine başlady” söz başyly habarynda, “Abdülhamid Han” burawlaýyş gämisiniň Ortaýer deňizinde Taşuju-1 guýusynda burawlaýyş işine başlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. “Türkiye Nebitleri” açyk paýdarlar jemgyýetiniň Twitter hasabyndan berilen habarnamada; “Garaşsyz energetika, Güýçli Türkiye maksadyna laýyklykda işlemäge dowam edýäris” diýilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiye bilen Azerbaýjan bilelikde türgenleşik geçirýär” söz başyly habarynda, Türk we Azerbaýjan goşunlarynyň Bakuwda, Astara, Jebraýyl we İmişli welaýatlarynda türgenleşige başlandygyny mälim edýär. Türgenleşikde guryýer, howa güýçleriniň, ýörite harby gullugyň bölümleriniň, raketa we artilleriýa güýçlriniň gatnaşýar.

“Sabah” gazeti “Siriýalylar öýlerine dolanmak üçin guryýer operasiýasyna garaşýar” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleri bilen Siriýanyň Milli goşunynyň harby operasiýa üçin görkezmä garaşýandygyny ýazýar.Kilis welaýatynyň Siriýa tarapynda esktremist terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan basylyp alynan ýerlerden gaçyşlar başlady. ÝPG/PKK-nyň dogduk diýaryndan Türkiýe serhedine süren ýüzlerçe müň adam bolsa Azazdaky, Şahbadaky we Tel Rifatdaky öýlerine dolanmak üçin geçiriljek guryýer operasiýasyna garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi