Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýenişafak” gazeti, Prezident R. T. Erdoganyň, Trabzonda Täze Zigana tuneliniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar.

Prezident Erdogan dabarada eden çykyşynda, tuneliň, dünýäniň üçünji, Ýewropanyň we Türkiýäniň iň uzyn tüneli hökmünde gurlandygyny belledi.

Erdogan “Bu tünel bilen Gara deňizi Gündogar we Günorta gündogar Anadoly, ol ýerden Eýran we Ýakyn Gündogar ýagny taryhy Ýüpek ýolu bilen birleşdirýäris”diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan, ýerli dikuçara “Nefes” adyny dakdy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Tokaý hojalygy baş müdürliginiň inwentaryna alynan ýerli we milli T70 dikuçaryna “Nefes”, gözegçilik uçaryna hem Otag” adyny dakandygyny belleýär.

“Habertürk” gazeti, “Çawuşoglunyň dörttaraplaýyn maslahat hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň, Russiýanyň, Eýranyň we Siriýanyň daşary işler ministrleri bilen dörttaraplaýyn maslahatyň 10-njy maýda Moskwada geçiriljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti, “Wengriýaly ministr TOGGA ýokary baha berdi” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank bilen Wengriýanyň Daşary işler we Söwda ministri Peter Siýartonyň ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen TOGG awtoulagy bilen gezendigini ýazýar.

Myhman ministr Türkiýäniň ýerli awtoulagyna ýokary baha berdi.

“Sabah” gazeti, “Türkiýe funduk eksportundan 1,3 milliard dollarlyk girdeji gazandy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2022-2023 funduk eksport möwsüminiň ilkinji 8 aýlyk döwründe 1,3 milliard dollarlyk girdeji gazanandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanda Hazaryň kenarynda harby türgenleşik geçirildi (Wideýo)
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
250-nji “El Klasiko”