Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan: Galla geçelgesiniň möhledi ýene-de 2 aý uzadyldy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň paýtagt Ankarada beren beýannamasynda “Ýurdumyzyň eden tagallasy, rus dostlarymyzyň goldawy we ukrainaly dostlarymyzyň goşandygy bilen Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň ýene-de 2 aý uzadylmagy barada karar kabul edildi. Ylalaşygyň ähli taraplara düşümli bolmagyny dileýärin” diýen sözlerine ýer berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “ Çawuşoglu Şarli Ebdo reaksiýa görkezdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşwoglunyň, fransuz žurnali “Şarli Ebdonyň soňky sanynda Prezident R. T. Erdogany nyşana almagynda garşylyk görkezendigini ýazýar.

Mewlüt Çawuşoglu, düýn Twitterden beren habarnamasynda “Pespäl Şarli Ebdo türk milletini kemsitmäge dowam edýär. Pespälleriň maksadyna ýetip bilmejekdigini ýatdan çykarmalyň”diýdi.

“Watan” gazeti, “Nebati: İşsizleriň sany 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bir öýjükli sana çenli aşaklady” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň “İşsizleriň sany 9,9 göterime çenli aşaklady. İşsizleriň sany 2018-nji ýylyň birinji çärýeginden bäri üç aýlyk döwürlerde ilkinji gezek bir öýjüki sana çenli aşaklady” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýäniň ilatynyň 15,2 göterimi ýaşlardan ybarat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň hasabat guramasynyň 2022-nji ýyldaky görkezijilerine görä, Türkiýede ilatyň 15,2 göterimi 15-24 ýaş toparyndaky ýaşlardan ybaratdygyny habar berýär.

“Sabah” gazeti, “Marmarise 480 ýolagçysy bilen kruiz gämisi geldi” söz başyly habarynda, Bahamyň baýdagyny göterýän kruiz gämisiniň Mugla welaýatynyň Marmaris etrabyna gelendigini, gäminiň esasy bölegi amerikaly we britaniýaly 480 ýolagçysy bilen 460 ekipažynyň bardygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 02.06.2023
Sudandaky Çaknyşyklar Sebäpli Türk Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmek Işleri Dowam Edýär
Mewlüt Çawuşoglu Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Mewlüt Çawuşoglu Ukrainaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi