Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Gresiýaly žurnalistiň Türkiýe boýun almasy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda kontinental şelf meselesinde başdan geçirilýän dartgynlyk hakynda beýannama beren gresiýaly žurnalist Gioprosa Papahristosa Egeý deňiziniň diňe Gresiýa degişli bolmandygyny boýun alandygyny ýazýar.

Gresiýanyň Egeý meselesinde diňe özüne degişli ýaly hereket edýändigine ünsi çeken žurnalist, “Egeý grek kölü däldir.Türkiýäniň hem bu ýerde hukugynyň bardygyny kabul etmesek özara gatnaşyklarymyz kadalaşyp bilmez” diýdi.

“Habertürk” gazeti “Müsür bilen söwda mukdaryny 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris” söz başyly habarynda, Müsüriň Senagat we söwda ministri Ahmet Samir Saleh bilen duşuşan Söwda ministri Ömer Boladyň “Müsür bilen özara söwda mukdaryny 5 ýylda 15 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýäris”diýen sözlerine ýer berýär.

“Ýenişafak” gazeti “Türk professorunyň “açyk wizuallaşdyryjy” tehnologiýasy rak keselesine täze çözgütler getirer” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Mýunhen uniwersitetiniň Dokuma inženerçiligi we regeneratiw lukmançylyk institutynyň Başlygy professor Ali Ertürkiň ähli organizmany aç-açanlaşdyryp, ähli öýjükleri ozal görülmedik konkretlikde görkezýän täze açyşynyň, rak keseli boýunça esasy ylmy barlag guramalaryndan “Kanser Reserç UK” tarapyndan rak keseliniň diagnozunda we bejergisinde täze başlangyç hökmünde häsýetlendirilendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropanyň ýük gatnawynda birinji orunda” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Aldulkadir Uraloglunyň ýylyň birinji ýarymynda Ýewropadaky iň üstünlikli ýük gatnadyjy ulgama eýe 10 howa menziliniň hatarynda Stambul howa menzilinin 1-nji orunda durýandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Hürriýet” gazeti “Antalýa 2,6 million syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Antalýa 1-nji ýanwar bilen 31-nji iýulyň aralygynda howa ýoly bilen gelen syýahatçylaryň sanynyn 8 million 184 müň 89 adama barabar bolandygyny mälim edýär. Şol mukdar syýahatçylykda ähli döwürleriň iň gowy 7 aýy diýlip bellige alyndy.

Ýene degişli makalalar

Iň halanan tagamlar
Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy
Rim Papasy 86 ýaşady
Rim Papasy wagyz-nesihatynda Dostoýewskiden mysal getirdi
Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi
Rim Papasy ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna garşy göreşmäge çagyrdy