Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Prezident Erdogandan möhüm sapar” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň Orunbasary Ömer Çeligiň geçiren metbugat ýygnagynda Prezident Erdoganyň dünýäniň azyk ýetmezçiligine sezewar bolmazlygy üçin galla meselesinde iň ýokary diplomatiýany alyp barýandygyny nygtap; “Prezidentimiz Soçi şäherine sapar eder. Galla geçelgesi boýunça täze wakalar bolar” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ramanyň Erdogan hakyndaky üns çekiji sözleri” söz başyly habarynda Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramanyň grek mediasyna beren interwýusynda Prezident Erdogan bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky şertnamalarynyň bardygyny beýan edip; “Hakykadatdan hem men, Prezident Erdoganda hiç haçan Gresiýa we grek halkyna erbet duýgularyň bardygyny görmedim” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “Saud Arabystanynyň Senagat ministri Hureýf: türk maýadaryna ynanýarys” söz başyly habarynda, Sauad Arabystanynyň Senagat we magdan baýlyklary ministri Bender bin İbrahim al-Hureýfiň senagat we magdançylyk pudaklarynyň başda durmagynda Saud Arabystanyndaky maýa goýum bahalaryny tanyşdyrmaga çalyşýandyklaryny nygtap; “Türk maýadaryna ynanýarys we Türkiýäniň bu mümkinçiliklerden peýdalanmagyny içginlik bilen isleýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Baýraktar: Gabardaky açyş Respublika taryhynyň iň uly açyşydyr” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Gabar dagyndaky nebit açyşynyň 100 müň barrellik mukdar bilen Respublika taryhynyň iň uly açyşy bolandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Stambul syýahatçylyk sanynda soňky 10 ýylyň rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, Stambulyň iýul aýynda kabul eden syýahatçylarynyň sany bilen rekord goýandygyny mälim edýär. Geçen aý 1,873,97 adamy kabul eden Stambul şol mukdar bilen 10 ýylyň aýlyk mukdarda iň ýokary daşary ýurtly syýahatçy sanyna ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny