Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Respublikasy 100 ýaşynda” söz başyly habarynda, Respublikanyň 100-nji ýylynyň ýurduň çar tarapyndan uly dabara bilen bellenilip geçilendigini ýazýar.Prezident R.T.Erdogan Atatürkiň mowzoleýindäki ýörite hatyralama kitapçasyna: “Eziz Atatürk, 21 ýyllyk häkimiýetimizde amanadyňza eýe çykmaga çalyşdyk. İň uly maýa goýum başlangyçlaryny edip, Respublikamyzyň 2-nji asyryny “Türkiýe Asysy” bilen täçlendireris.

Respublikamyz hiç haçan şeýle howpsuz bolmady” diýip ýazdy.

“Star” gazeti “Erdoganyň 100-njy ýyly bagyşlap eden çykyşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilen Respublikanyň düýn birinji asyryny tamamlap, “Türkiýe asyry” diýilýän ikinji asyra gadam basandygyny aýdandygyny ýazýar. Erdfogan; “İmperilist güýçleriň hiç haýsysy Türkiýe Respublikasynyň bagtyýar, başarjaň we ýeňiji bolmagynyň öňüne geçip bilmez” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Bogazda ajaýyp dabara” söz başyly habarynda, Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 100-nji ýylynda “TJG Anadoly” bilen bilelikde 100 harby gäminiň Bosofor bogazyndan geçendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gämiler dabara bilen bogazdan geçýän mahaly “Solo Türk” we “Türk ýyldyzlaryna” degişli 20 harby uçar hem bogazyň üstünde akrobatik görkezliş bilen çykyş etdi.Raýatlar ajaýyp görkezlişe şowhun bilen tomaşa etdi.

“Watan” gazeti “Kurtulmuş: Täze dünýä ulgamy dörediler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň Türkiýe Respublikasynyň 100 ýyllygyna bagyşlap eden çykyşynda, “İmperialistler haýsy oýuny oýnasalar oýnasynlar, milletimiziň öňbaşçylyk etmeginde täze dünýä ulgamy dörediler we dünýäde hakyň hökmürowanlygy ýola goýular” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şaşak” gazeti “Kurtulmuş: Palestin halky ähli söweşlerde bizi goldapdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň Türkiýe Respublikasynyň dörediliş tapgyrynda palestinalylaryň edn pidakärlige ünsleri çekendigini mälim edýär. Kurtulmuş: “Bütin dünýäniň gözüniň öňünde Ysraýyl tarapyndan waşylarça gyrylýan gazalylar we palestin halky taryhda Respublikamyz ugrunda bolan ähli söweşlerde ata-babalarymyz bilen egin-egine söweşdiler” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy
Prezident Erdogan Anytkabiri zyýarat etdi
Prezident Erdogan, Gazagystana Guran Saparyny Tamamlap Türkiýä Dolandy
Şu Gün 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy
Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika baýramy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny