Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Prezident Erdogan: 36 sagatda 54 terrorçy ýok edildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn beren beýannamasynda terrorizme garşy göreş hakynda durup geçip; “Türkiýäniň çarpaýa galmagynyň öňüni almak isleýän pajygaly terror hüjümleriniň mukaddes ýörişimiziň öňüni asla alyp bilmejekdigini nygtasym gelýär. 36 sagatda 54 terrorçy ýok edildi. Şehitlerimiziň gany asla ýerde galmaz” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ministr Fidan amerikaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” sözbaşyly habarynda, daşary işler ministri Hakan Fidanyň ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken bilen düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mäim edýär. Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen bagly tapgyryň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde dowam edýändigini beýan eden ministr Fidan, F-16 uçarlarynyň satuwy bilen baglyklykda ABŞ-nyň hökümetiniň we Kongresiniň ýaranlyk ruhuna laýyklykda hereket etmelidigini we berilen kepillikleriň ýerine ýetirilmelidigini aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Güler: 59 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň düýn Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda geçirilen operasiýalarda 59 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Russiýanyň Türkiýe hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Russiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowagyň Türkiýede tebigy gaz merkeziniň gurulmagy boýunça taslamada iş meýilnamasynyň ýakyn gelejekde tassyklanjakdygyny beýan edip; “Taslamanyň 2024-nji ýylda iş ýüzüne geçmegini tama edýäris” diýendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Fatih Terim: Çempion bolmaga geldim” söz başyly habarynda, Gresiýanyň Panatinaýkos futbol komandasy bilen ylalaşyk gazanan türgenleşdiriji Fatih Terimiň Afynyda beren beýannamasynda; “Panatinaýkos meniň bilşime görä uzak ýyllardan bäri çempion bolup bilenok. Men çempion bolmaga geldim” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny