Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Respublika taryhynyň eksport rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn beren beýannamasynda 2023-nji ýyldaky eksportuň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 0,6 göterim ýokarlap, 255,8 milliard dollara ýetendigini nygtap, “Respublika taryhynyň eksport rekordy goýuldy” diýendigini ýazýar.

“Watan” gazeti “PKK-nyň ýolbaşçysy diýilýäni Süleýmaniýede täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasynyň terror guramasy PKK-nyň neşe söwdasyndan jogapkäri diýilýänlerden Abdulmutalip Dogrujini Süleýmaniýäniň çetki obalaryndan birinde täsirsiz ýagdaýa getirendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Gresiýada “Türkiýe” nygtamasy” söz başyly habarynda, Gresiýanyň media organlarynda Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklary hakynda analiz makala orun berilendigine ünsleri çekýär. Gresiýanyň döwlet ýaýlymy ERT “2024-nji ýyl türk-grek gatnaşyklary üçin iňňän möhüm” frazasyny ulandy.

“Haber Türk” gazeti “Karabükde tapylan humdan 1400 ýyllyk zikke çykdy” söz başyly habarynda, Karabük welaýatynyň Eskipazar etrabyndaky taryhy Hadrianopolis şäherinde dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde humuň içinde 1400 ýyllyk 10 zikkäniň tapylandygyny ýazýar. Zikgeleriň Konstantin 2-nji döwründen galandygy we b.e.ozalky 641-666-njy ýyllara degişlidigi anyklandy.

“Hürriýet” gazeti “Antalýada syýahatçylyk rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Antalýanyň geçen ýyl 15,7 milliona golaý daşary ýurtly syýahatçyny kabul edip, ähli döwürleriň rekorduny goýandygyny mälim edýär. Şäher geçen ýyl esasan 3,4 million syýahatçy bilen Russiýadan myhmanlary kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny