Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Ministr Güler Montra ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Gara deňiz mina garşy görüljek çäreler toparynyň ylalaşygyna Türkiýäniň, Ruminiýanyň we Bolgariýanyň arasynda geçirlen gepleşikleriň netijesinde gol çekişilendigini ýazýar.

Gol çekişlik dabarasynda çykyş eden Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, “Halkara we sebitara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýäris. Montr Bogazlar şertnamasyna laýyklykda jogapkärçilikli hereket edýäris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti, “Grek adalaryna wiza ýeňilligi mart aýynda başlaýar” söz başyly habarynda, Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakisiň Prezident Erdogan bilen 3 gezek duşuşandan soň iki ýurduň arasyndaky goňşuçylyk gatnaşyklaryna oňyn garaýandyklaryny we türk raýatlarynyň grek adalaryna wizasyz syýahat etmegi meselesinde gazanylan ylalaşygyň mart aýynda güýje girjekdigi baradaky sözlerine ýer berýär.

“Haber Türk” gazeti, “Bozdogan we Gökdogan raketalarynyň synaglary tamamlanýar” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgün, Bozdogan we Gökdogan raketalarynyň dizaýn syganlarynyň üstünliki tamamlanandygyny nygtap, “Raketalarymyz kabul synaglary üçin taýar” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti, “Togguň täze modeli JES 2024 ünsleri özüne çekdi” söz başyly habarynda, ABŞ-da geçirilýän sarp ediji sergisi JES-2024-de Togguň täze modeliniň tanyşdyrlandygyny habar berýär. Dünýä sahnasyna çykan T10F hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

“Ýenişafak” gazeti, “Dünýäniň iň gowy 20 çorbasy saýlandy: Sanawda Türkiýe hem bar” söz başyly habarynda CNN Trawel tarapyndan, dünýädäki iň gowy 20 çorbanyň saýlanandygyny ýazýar. Birnäçe ýurduň iň tagamly çorbalarynyň sanawynda türk aşhanasyndan hem “Ýaýla çorbasy” ýer aldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Goranyş Senagatynyň Gazanan Üstünlikleri Grek Metbugatynyň Üns Merkezinde…
Türk metbugatynyn gysgaça mazmuny
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.