Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Erdogan, Al Nahýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Prezident Erdogana türk esgerlerine guralan terrorçylykly hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.Iki lider Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň terrora garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini belledi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Sosial media ulanýanlara görä ABŞ içgin hereket etmeýär” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-a harby we maliýe taýdan kömek berýän ABŞ tarapyndan berlen beýannamada, Yragyň demirgazygynda guralan terrorçylykly hüjümde şehit bolan türk esgerleriniň hossarlaryna gynanç bildirlendigini nygtaýar.

ABŞ-nyň beren beýannamasynda soň raýatlar PKK-nyň ýaranyna berk garşylyk görkezip “içgin hereket etmeýärler” diýip garaýyş beýan etdi.

“Star” gazeti, “Siriýa we Yraga howa hüjümi guraldy” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň, Yragyň we Siriýanyň demirgazygyndaky terrorçylara garşy howa hüjümini gurandygyny ýazýar. Operasiýada terrorçylara degişli 24 ýer nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

“Hürriýet” gazeti, “Türkiýäniň howa hüjümi dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýadaky we Yrakdaky terrorçylara garşy guran howa hüjümi hakyndaky habarlaryň dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeländigini azýar. Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, türk harby uçarlarynyň terrorçylara degişli gowaklary, gaçybatalgalary we nebit desgalaryny hatardan çykarandygyny mälim etdi.

“Sabah” gazeti, “Gresýaly minister Dendias: Türkiýe bizden has öňde” söz başyly habarynda, Gresiýanyň Goranmak ministri Nikos Dendiasyň Türkiýäniň, goranyş senagaty pudagy boýunça uly öňe gidişlik edip, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulandygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny