Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Erdogandan täze operasiýa ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, terror guramasy PKK-a garşy täze operasiýalaryň geçirlip bilinjekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär. Erdogan “Terrora garşy göreşde ýakynda kimiň näme diýendigine we hemlelerine garamazdan täze başlangyçlar ederis” diýdi.

“Watan” gazeti, “Türkiýeden terrora garşy jarnama” söz başyly habarynda, TBMM-niň Baş Assambleýasynda “terrora garşy jarnama” temaly Mejlisiň başlygynyň ýörite ygtyýarnamasynyň kabul edilendigini mälim edýär. Ygtyýarnamada “Bütin dünýä, soňky terrorçy ýok edilýänçä, terrora goldaw berýänler ortadan aýrylýança terrora garşy alyp barýan egilşiksiz göreşimiziň dowam etjekdigini bilmeli” diýildi.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Ministrlerden anyk ýüzlenme” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň “Kimiň goldaw berýändigine garamazdan günorta serhetlerimizde Siriýanyň demirgazygynda terror koridorynyň açylmagyna rugsat bermeris” diýen sözlerine ýer berýär. Daşary işler ministri Hakan Fidan hem “Terrora garşy göreş diplomatiýamyzy, PKK-nyň birnäçe ýurtda syýasy toparlarynyň bardygyny bilýändigimiz üçin dowam etdirýäris” diýdi.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň taryhy älem giňişligi ýolagçylygy üçin sanlyja sagat galdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň taryhy älem giňişligi ýolagçylygyna sanlyja sagadyň galandygyny ýazýar. Prezident Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde alnyp barylýan älem giňişligi meýilnamasynyň amala aşyrylmagy üçin Türkiýede ünsler taryhy pursada gönükdi. İlkinji türk astronawty Alper Gezerawjy, Halkara emele hemre bekedine ugradylar.

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan, Türkiýäniň ilkinji astronawty bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda penşenbe güni Türkiýe wagty bilen 01.11-de emele hemra bekedine tarap ugrajak Türkiýäniň ilkinji astronaty Alper Gezerawjy bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşandygyny ýazýar.

Prezident Erdogan sosial mediadan beren habarnamasynda “Emeli hemra ugradyljak ilkinji türk astronawtymyz, ösýän we güýçlenýän Türkiýäniň täze nyşany”diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy