Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Müsür bilen täze döwür” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 12 ýyl soň Müsüre guran saparynda, müsürli kärdeşi Abdulfattah as Sisi bilen duşuşandygyny ýazýar. Erdogan; “Söwda mukdarymyzy 15 milliard dollara götereris” diýdi. Sisi bolsa Türkiýä sapar gurajakdygyny beýan etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “İş üpjünçiliginde rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýede respublikanyň 100-nji ýylynda iş üpjünçiliginiň 32 milliondan geçenip, rekord derejä ýetendigini mälim edýär. 2023-nji ýylyň soňky aýlarynda ýetilen 48,8 göterimlik iş üpjünçiligi mukdary bilen soňky 19 ýylyň iň ýokary çägine ýetildi.

“Haber Türk” gazeti “Ankaranyň ABŞ-dan tamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Önjü Keçeliniň Şwesiýanyň NATO agzalygy we F-16 harby uçarlarynyň satuw tapgyry bilen baglylykda ABŞ-Türkiýe gatnaşyklary hakynda beýanat berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Gatnaşyklaryň çuňlugynda hiç haçan yza gaýtmanyň bolmandygyny nygtan Keçeli, ABŞ-dan terror guramasy PKK bilen bolan gatnaşyklaryny bes etmegine garaşýandyklaryny aýtdy.

“Star” gazeti “Global boýkotdan soň Türkiýe rowaçlanýar” söz başyly habarynda, Palestina insiatiwasynyň Metbugat sekretary Tülaý Gökçimeniň Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýanbrynda Gaza başladan hüjümlerinden soň bütin dünýäde başlan Ysraýyl önümlerini boýkot kampaniýasynyň köpçülikleýin häsýete eýe bolandygyny aýdandygyny ýazýar. Gökçimen boýkotdan soň türk önümlerine bolan islegiň artandygyny aýtdy.

“Sabah” gazeti “Türkiýe syýahatçylykda 2024-nji ýyl üçin goýlan maksada ýeter” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň syýahatçylykda 60 million syýahatçy we 60 milliard dollar girdeji maksady bilen başlanan täze ýylda syýahatçy we rezerwasiýa görkezijileriniň gowudygyny beýan edendigine ünsleri çekýär. Ministr Ersoý: “2024-nji ýyl üçin goýlan maksada ýetmegi tama edýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şahbaz Şarif Türkiýe Bilen Söwda Gatnaşyklarynyň Ösdürişmegi Üçin Çagyryş Etdi