Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ýer titreme sebitlerinde ýokary depginli dikeldiş” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýer titreme sebitinde müňlerçe täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň ýokary depginde dowam edýändigini aýdandygyny ýazýar. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň sanynyň Ýewropadaky köp sanly ýurduň ilatyndan we ýaşaýyş jaý sanyndan has ýokarydygyny nygtan Erdogan, ýer titreme sebitinde dünýäniň iň gowy dikeldiş işlerini amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

“Watan” gazeti “Maksat, ýylyň ahysyna çenli 200 müň ýaşaýyş jaýyny gurmak” söz başyly habarynda, asyryň betbagtçylygynda weýran bolan 11 welaýatda 30,723 maşgala ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurylandygyny ýazýar. Prezident Erdogan ýer titremäniň bolan welaýatlarynda 1,5 aýda 76 müň ýaşaýyş jaýyny gurandyklaryny beýan etdi. Erdogan şol sany ýylyň ahyryna çenli 200 müňe ýetirjekdiklerini aýtdy.

“Sabah” gazeti “Yragyň demirgazygynda 27 müň terror pozisiýasy derbi dagyn edildi” söz başyly habarynda, Yragyň demirgazygyndaky Metina, Zap, Hakurk, Gara we Kandil etraplarynda terror guramasy PKK tarapyndan peýdalanylýandygy anyklanan 27 pozisiýanyň geçirilen harby howa operasiýalary bilen derbi dagyn edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Milli goranmak ministrligi “Şehitlerimiziň hiç haýsysynyň ganyny ýerde goýmadyk, goýmarys” diýip, beýanat berdi.

“Star” gazeti “PKK-ny ýok etme strategiýasy üçin işe girişildi” söz başyly habarynda, Yragyň demirgazygyndaky PKK howpuny ortadan aýyrmak üçin ylalaşan Türkiýe bilen Yragyň ediljek başlangyçlara gönügendigini mälim edýär. Golaýda Bagdatdan geljek wekiliýet bilen howpsuzlyk boýunça Ankarada karara geliner. PKK-nyň nähili ýok ediljekdigi meýilleşdirilip, 25 maddalyk ähtnama taýýarlanar.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň demir-polat” pudagyndaky eksporty artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň demir-polat pudagynyň ýylyň iki aýynda eden eksportunyň 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä 15,8 göterim ýokarlap, 2,5 milliard dollara barabar bolandygyny ýazýar. Demir-polat eksportunda 192,2 million dollar bilen Rumyniýa birinji orunda durýar. İkinji orunda İtaliýa, üçünji ýerde bolsa Germaniýa bar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny