'Türkhowaýollary' sentýabrda Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýar

'Türkhowaýollary' sentýabrda Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýar

"Türkhowaýollary" şu ýylyň sentýabr aýynda Stambuldan Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň onlaýn neşirleri "Türkhowaýollarynyň" wekillerine salgylanyp, 15-nji awgustda habar berdiler.

“Orient” nişirine görä, "Türkhowaýollary" 2-nji sentýabrdan 30-njy sentýabr aralygynda her duşenbe we anna günleri Türkmenbaşy bilen Stambulyň arasynda çarter uçuşlaryny amala aşyrar. Neşir awiakompaniýanyň bu barada özüne elektron poçta arkaly habar berendigini belleýär.

Bir taraplaýyn ekonom biletiň bahasy 698 dollar, biznes bilediň bahasy - 1495 dollar. 40 kilogramlyk goş biletiň bahasyna girýär.

“Türkmenportal” neşiriniň çap eden "Türkhowaýollarynyň" sentýabr aýyndaky çarter uçalarynyň jikme-jik gatnaw tertibine görä, uçarlar Stambuldan Aşgabat wagty bilen 17: 00-de ugrap, Türkmenbaşy şäherine 19:55 barar. Türkmenbaşydan 22:25-de ugrajak uçar Stambula 01: 50-de barar.

Habarda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda adaty howa gatnawynyň täzeden başlanmagynyň ýakyn wagtda planlaşdyrylmaýandygy aýdylýar.

Çarter uçuşlarynyň planlaşdyrylmagy baradaky habar Stambulyň halkara aeroportunda türkmen raýatlarynyň öň görlüp-eşidilmedik köp sanda ýygnanýan wagtyna we dartgynlylygyň güýçlenýän pursadyna gabat geldi.Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda yzygiderli uçar gatnawynyň bolmadyk halatynda, raýatlar diňe türkmen hökümetiniň guraýan seýrek çarter uçuşlaryna garaşly bolýarlar we bu bar bolan islegi kanagatlandyryp bilmeýär.

Käbir türkmen raýatlary gidere ýeri bolman, Stambulyň howa menzilinde birnäçe aýlap bolýarlar.

Stambulyň howa menzilindäki türkmen raýatlarynyň ýagdaýy barada türk metbugaty hem habar berýär. “SonDakika.com” neşiri 11-nji awgustda türkmen raýatlarynyň türk häkimiýetlerinden, hususan-da prezident Rejep Taýyp Erdogandan Türkmenistana gitmäge kömek bermegini haýyş edýän wideony çap etdi.

Iýul aýynyň başyndan bäri Türkmenistanyň raýatlary Stambulyň howa menzilinde Türkmenistana yzygiderli uçar gatnawlarynyň dikeldilmegini talap edip birnäçe gezek protest bildirdi. Hususan-da, 17-nji iýulda müňe golaý türkmen raýaty aeroportda ýygnanyp, watanyna gitmek üçin mümkinçilik döredilmegini talap etdi. Habarçymyzyň sözlerine görä, howa menziline ýygnanan türkmenleriň basyşy bilen günüň dowamynda Türkmenistandan ýene bir uçar iberilipdir.

Bu protestlerden soň türkmen häkimiýetleri raýatlaryny yzyna gaýtarmak üçin tagallalaryny güýçlendirdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryň watanyna dolanmak mümkinçiliginiň ýoklugy sebäpli duçar bolýan kynçylyklary barada resmi düşündiriş bermeýärler. Bu aralykda, nägileligini aç-açan beýan edýän ýurduň raýatlary Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan yzarlanýar. 16-njy awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna adam hukuklary boýunça türk aktiwistleri bilen bile baran türkmen aktiwistleri türkmen resmileri tarapyndan ýenjildi. Aktiwistler ilçihananyň üsti bilen prezident Serdar Berdimuhamedowa açyk hat ibermäge synanyşdylar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawy global koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy. Öz çäginde COVID-19-yň bardygyny henize çenli resmi taýdan inkär edýän Türkmenistan şu ýylyň maý aýynda Russiýa we BAE-e yzygiderli uçar gatnawlaryny bölekleýin dikeltdi.

Daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň köpçüligi Türkiýede ýaşaýar. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň resmi maglumatlaryna görä, ýurtda 200000-den gowrak türkmen raýaty kanun esasynda bolýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň sany birnäçe esse köp bolup, olaryň köpüsi bu ýurtda bikanun ýaşaýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen metbugaty birinji synp okuwçylarynyň sanyny "köpeltdi", mekdeplerde barlag başlandy
Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar
ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Azatlygyň idegsiz itlere degişli sowallaryna jogap berdi
Änewde itler ýene köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar
Änewde itler köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar
Russiýa-Ukraina Söweşine 1 Ýyl Doldy