Türkmen metbugaty birinji synp okuwçylarynyň sanyny "köpeltdi", mekdeplerde barlag başlandy

Türkmen metbugaty birinji synp okuwçylarynyň sanyny "köpeltdi", mekdeplerde barlag başlandy

Birnäçe gün ozal döwletiň gözegçiligindäki türkmen habar serişdeleri şu ýyl 76 600 çaganyň birinji synpa gitjekdigini habar berdiler, ýöne 5-nji sentýabrda şol habarlar düşündiriş berilmezden üýtgedilip, birinji synp okuwçylarynyň sany iki esse artdyryldy. Munuň bilen birlikde welaýatlaryň orta mekdeplerinde birinji synp okuwçylarynyň sanynyň barlagy başlandy.

Hususan-da, ýarym resmi onlaýn neşir “Orient” şu ýyl birinji synp okuwçylarynyň sanynyň 153 000 bolandygyny habar berip, öňki habaryny birden üýtgetdi. Ondan öň 30-njy awgustda çap edilen şol bir habarda birinji klasa giden çagalaryň sanynyň 76,6 müňdigi habar berilipdi.

Birinji synp okuwçylarynyň sany 76,6 müň diýlip görkezilen ozalky san henizem makalanyň brauzerdäki salgysynda galypdyr.

Döwlet statistika komitetiniň web sahypasynda mekdep okuwçylarynyň sany barada resmi maglumat ýerleşdirilmändir. Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda görkezilen telefon belgileri boýunça maglumat almak synanyşygy netije bermedi.

Türkmen metbugatynda birinji klasa giden çagalaryň ozalky üç ýylyň görkezijilerinden iki esse azalandygyny görkezen sanlaryň peýda bolmagy bilen bir wagtda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary okuw ýylynyň ilkinji günlerinde birinji klasa baran çagalaryň sanynyň ep-esli azalandygyny habar berdiler.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz günbatar sebitde uly şäherlerdäki mekdeplere birinji synp okuwçylarynyň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende 40-50 göterim az gelendigini habar berdi. Maryda bolsa, käbir synplarda okuwçylaryň sanynyň 20-ä hem ýetmändigi, birnäçe ýyl ozal başlangyç synplarda 30-35 okuwçynyň bolandygy barada ýerli habarçy maglumat berdi.

Tomus aýlarynda habarçylar birinji synpa ýazylan çagalaryň azlygy sebäpli mugallymlaryň öýme-öý aýlanyp, mekdep ýaşyndaky çagalary "gözleýändigini" habar beripdiler.

Indi sebitlerdäki orta mekdeplerde birinji synp okuwçylarynyň sanyny barlamak boýunça işler başlandy.

"Ýokary gözegçilik edarasy Balkan welaýatynyň mekdeplerinde okuwçylarynyň sanynyň az bolmagynyň sebäbini anyklamak üçin barlap başlady" diýip, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy 5-nji sentýabrda aýtdy.

Habarçylar geçen ýylda hem birinji synp okuwçylarynyň sanynyň ep-esli azalandygyny habar beripdi. Lebap welaýatynda, 2022-2023-nji okuw ýylynda, birinji synp okuwçylarynyň azlygy sebäpli mekdeplerde döredilen klasslaryň sany planlaşdyrylmagyndan üçden bir bölek az bolupdy.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen metbugaty geçen ýyl mekdebe ilkinji gezek baran çagalaryň sanynyň 160 000 töweregi bolandygyny habar beripdi. "Türkmenportal" ýarym resmi neşir 2022-2023-nji okuw ýylynda birinji synp okuwçylarynyň sanynyň 159 müň 772 çaga bolup, ýurt boýunça 1882 orta mekdepde okaýanlaryň umumy sanynyň 1 million 574 müň 737 adam bolandygyny habar beripdi.

Birinji synp okuwçylarynyň sanynyň şu ýyl öňküsinden iki esse azdygy barada habar berýän sanlaryň peýda bolmagy ýurt ilatynyň 7 milliondan geçendigi barada resmi sanlaryň çap edilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Türkmen resmileri öňkülerinden esli ýokary bolan ilat sanyny 17 ýyldan soň ilkinji gezek köpçülige aýan etdi.

Resmi maglumatlar jemgyýetdäki demografiki prosesleri aýan edýän köp sanly görkezijilere gabat gelmeýär, mekdebe baran çagalaryň we orta bilim alan uçurymlaryň sany şolaryň diňe käbiri.

Şeýlelik-de, resmi maglumatlara görä, 2022-nji ýylda ýurtdaky 1875 mekdebi 82 000 ýaş gutarypdyr. Deňeşdirmek üçin 2009-njy ýylda Türkmenistandaky orta mekdepleri 115 000 okuwçy gutardy. Bu, soňky 13 ýylyň dowamynda mekdebi ýylda gutarýanlaryň sanynyň 33 müň adam azalandygyny görkezýär.

Hökümete ýakyn çeşmeler ýurduň demografiki krizisiň bosagasynda durýandygyny we hakyky sanynyň 2,8 million adamdan geçmeýändigini habar beripdi.

Ýurduň häkimiýetleri, demografiki problemany resmi taýdan ykrar etmeseler-de, ýagdaýdan aladalanýandygyny gytaklaýyn görkezýän käbir çäreleri görýärler. Hususan-da, soňky aýlarda gözegçilik edaralary, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri aýallaryň göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanmagy gadagan etmek kampaniýasyna başladylar. Ýurtdaky işsizlik, azyk krizisi we durmuş derejesiniň peselmegi köpleri çagaly bolmakdan ýüz öwürmäge mejbur edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky rus raýatlary RF-niň prezident saýlawyna gatnaşdy
Türkmenistanyň orta mekdeplerine 160 müň çemesi körpe birinji synpa bardylar
Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar
Türk uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleri wiza üçin ençeme resminama ýygnamaly
Haýwanlaryň goragy üçin geçirilen çäre jemlendi; jandarlara rehim meselesi saklanyp galýar
'Türkhowaýollary' sentýabrda Türkmenistana 9 sany çarter reýsini amala aşyrmagy planlaşdyrýar