Türkmenistanyň orta mekdeplerine 160 müň çemesi körpe birinji synpa bardylar

Türkmenistanyň orta mekdeplerine 160 müň çemesi körpe birinji synpa bardylar

Şu ýyl Türkmenistanyň mekdeplerine 159 müň 772 sany birinji synplylar bardylar diýip “Türkmenportal” habar berýär.

Ýurdyň 1882 sany umumy bilim berýän orta mekdeplerinde 1 574 737 sany okuwçy okaýar.

Birinji synpa barýanlara Türkmenistanda öndürilen “Bilimli” noutbukler sowgat ediler.

“Bu noutbuklerde başlangyç mekdepler üçin oturdylan we işlenip taýýarlanan maksatnamalar bar. Ähli maksatnamalar üç dilde-iňlis, rus we türkmen dillerinde.

Operatiw ýady 2 gigabaýt, içerki ýady 32 gigabaýt we okuw üçin operasiýa ulgamy”diýip kompiýuter üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça hünärmen Guwanç Durdyýew gürrüň berýär.

Owal berlen habarlara görä, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary 15 326 studenti, orta hünär berýän okuw jaýlary 10 490 studenti kabul etmegi meýilleşdirýär.

“TH-niň” mundan öňki maglumatlaryna görä, Belarusda 9 müň çemesi, Rusýada 30 müňden we Türkiýede 18 müňden gowrak Türkmenistanly studentiň okaýandygyny bu ýurtlaryň resmi çeşmeleri habar berýärler.The post Türkmenistanyň orta mekdeplerine 160 müň çemesi körpe birinji synpa bardylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Bilimli ýaşlar Watanyň geljegi
Türkmenistanda 5,5 müň okuwçy üçin niýetlenen mekdepler açyldy
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Lebabyň Saýat etrabynda 2 sany täze mekdep ulanylmaga berildi
1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze mekdepleriň 5-si açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynyň wekillerini 1-nji sentýabr mynasybetli gutlady