Türkmenistandaky rus raýatlary RF-niň prezident saýlawyna gatnaşdy

Türkmenistandaky rus raýatlary RF-niň prezident saýlawyna gatnaşdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Ukraina garşy giň gerimli uruş alyp barmagyna we gitdigiçe repressiwleşýän syýasatlaryna halk köpçüliginiň giň goldawyny görkezmäge çalşyp, berk gözegçilik astyndaky saýlawda bäşinji möhlete ýeňiş gazanandygyny aýdýar.

Sesleriň 99,75 göteriminiň sanalmagy bilen, sowet döwründen soňky rekord derejäni gazanyp, Putin 87,29 göterim ses bilen ýene alty ýyllyk prezidentlige saýlandy diýip, Merkezi saýlaw komiteti 18-nji martda aýtdy we ses bermek hukugyna eýe bolan saýlawçylaryň 77,44 göteriminiň ses berendigini, munuň hem “rekord” dereje bolandygyny belledi.

Türkmenistanda ýaşaýan rus raýatlarynyň hem Russiýada geçirilen prezident saýlawyna işjeň gatnaşandygy habar berilýär.

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Türkmenistandaky rus raýatlary Russiýanyň prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin paýtagtda, Türkmenabatda, Maryda, Daşoguzda we Türkmenbaşyda açylan saýlaw uçastoklarynda ses berdiler.

Bu ýyl Türkmenistanda rus prezidenti üçin 2750 adam ses berdi, 2018-nji ýylda bu ýurtda 4 müňden gowrak saýlawçynyň ses berendigi aýdylýar.

Azatlygyň habarçysy Türkmenistanda Russiýada geçirilen prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin açylan bäs saýlaw uçastogynda “türkmençä mahsus” diýilýän ses berişligiň bolandygyny, 18-nji martda Aşgabatdan başga ýerdäki saýlaw uçastoklarynyň ählisinde berlen sesleriň "sanalandygyny" habar berýär.

Habarçymyzyň rus saýlaw komissiýasynyň saýtyna salgylanyp ýazmagyna görä, saýlaw uçastoklaryndaky ses berişlige gatnaşyk 95%-den gowrak boldy.

Şeýle-de, habarçymyz Aşgabatda ses berenleriň 95 göteriminiň iş başyndaky prezident Wladimir Putune ses berendigini ýazýar.

Balkan welaýatyndan beýleki üç welaýatda awtotirar rus ýolbaşçysynyň gazandy diýilýän ses sany 98%-den gowrak boldy, Balkan welaýatynda Wladimir Putine ses berenleriň sany 95%-e barabar boldy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy bu görkezijileriň Türkmenistanda geçirilýän saýlawlaryň netijelerini ýatladýandygyny aýtdy.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, goňşy Özbegistanda Russiýadaky prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin iki sany saýlaw uçastogy açyldy.

18-nji martdaky gökezijilere laýyklykda, Samarkanddaky saýlaw uçastogynda berlen "netijeler" W.Putiniň 64.92%, W. Dawankowyň 23,84% ses alandygyny görkezýär. Beýleki iki dalaşgärleriň ses paýy jemi 2,5% bolup, galan 8,72% sesler pozulan býulletenlere degişli boldy.

Hökümetçi "Türkmenportal" neşiri Russiýanyň döwlet baştutany Wladimir Putiniň prezident saýlawlarynda öňdeligi saklaýandygyny habar berýär.

Aşgabatly synçynyň pikiriçe, Türkmenistandaky we Özbegistandaky "görkezijileriň" tapawudynyň arkasynda birnäçe sebäp bar.

Birinjiden, 2022-nji ýylyň fewralyndan soň Özbegistana müňlerçe rus raýaty wagtlaýyn göçüp geldi we olaryň aglabasy oppozision pikirli adamlar Türkmenistan bolsa, hatda özüne ideologik we awtoritar dolandyryş düzgüni boýunça "dogan" bolan Russiýa üçin hem berk wiza režimini ýatyrmaýar. Netijede, Türkmenistana Russiýadan uruş sebäpli çykan raýatlar wagtlaýyn göçüp gelmedi.

Ýerli synçynyň ynanjyna görä, bu günki günde Türkmenistanda ýaşaýan we rus raýatlygy bolan adamlaryň ählisi diýen ýaly Nyýazow döwründe goşa raýatlygy bolan türkmen raýatlary bolup, olaryň aglabasy pensiýa ýaşyna ýeten we ýaşy gartaşan adamlardyr.

Şeýle-de, Özbegistanda internet azatlygy Türkmenistan garanda ep-esli derejede ýokary, söz we metbugat erkinligi hem, Türkmenistana seredeniňde, belli bir derejede bar diýip boljak. Şu sebäpden, synçynyň pikiriçe, goňşy ýurtda diňe bir 2022-nji ýyldan soň wagtlaýyn göçüp gelenler däl, eýsem ozaldanam ýaşap gelýän rus raýatlygy bolan adamlar hem, rus syýasatynda bolýan wakalar barada alternatiw habarlary okamaga we almaga mümkinçilik tapýarlar.

Emma Türkmenistanda beýle mümkinçilik örän az, bu ýurtdaky berk döwlet senzurasy, internetiň doly diýen ýaly petiklenmegi, goňşy ýurtlar bilen wizasyz gatnawlaryň bolmazlygy, ulag gatnawlarynyň ýowuz çäklendirilmegi türkmenistanlylaryň maglumat elýeterliligini tasdan doly ýok edýär we onuň öwezini bölekleýin diňe hökümetleriň "rugsat berýän" habarlary doldurýar.

Şeýlelikde, ýerli synçynyň pikirine görä, Türkmenistanda raýatlar Russiýanyň propagandasy we urşy goldaýan hökümet telewideniýesi tarapyndan berilýän bir taraply maglumatlaryň “täsirine düşýärler”.

Mundan başga, aşgabatly synçynyň pikiriçe, Türkmenistandaky ilat, şol sanda goşa (türkmen-rus) raýatlygy bolan adamlar hem, goňşy Özbegistanyň ilatyndan tapawutlylykda, syýasy taýdan aktiw däl, ýagny olar islendik bir mesele boýunça açyk we köpçülikleýin diskussiýalara, pikir köpdürlüligine öwrenen adamlar däl.

"Rus telewideniýesiniň gepleşikleri türkmen ilatyna hem gaty uly we ýaramaz täsir edýär, adamlar öňem başga pikirleriniň bardygyny aýtmakdan ýa açyk diskussiýa gatnaşmakdan gaça durýardylar, indi olaryň köpüsi özge pikirli adamlara "daşary ýurt agenti", "watan dönügi" ýaly garaýar, bu hususan-da ukrain konflikti ýa ors awtokraty, adam hukuklary hakyndaky gürrüňlere degişli" diýip, ýerli synçy aýtdy.

Onuň ynanjyna görä, "türkmen hökümetiniň bu hili ýagdaýlara göz ýummagy ýa-da ony goldamagy gönüden-göni türkmen jemgyýetiniň demokratik ösüşine we ýurduň parahatçylygyna kölege salýar”.

Russiýanyň prezident saýlawlary ilkinji gezek üç gün 15-nji martdan 17-nji marta çenli dowam etdi.

2000-nji ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup işlän 71 ýaşly Putin, täze möhletiniň ahyryna çenli iki asyrda iň uzak wagt ýurt dolandyran rus lideri bolup, sowet diktatory Iosif Staliniň 30 ýyllyk hökümdarlygyndan hem aňryk geçer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan milli gymmatlyklarynyň düzümlerini giňeldýär
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
Türkmen bedewi we alabaýy halkymyzyň milli gymmatlygydyr
Ilon Mask rus dilinde W.Putiniň Twitter akkauntyna ýüz tutdy
Tramp ABŞ-da 8 hytaý programmasyny, şol sanda "Alipay"-i ulanmagy gadagan etdi