Ilon Mask rus dilinde W.Putiniň Twitter akkauntyna ýüz tutdy

Ilon Mask rus dilinde W.Putiniň Twitter akkauntyna ýüz tutdy

Amerikan telekeçisi, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask rus we iňlis dillerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň resmi Twitter akkauntyna ýüzlendi we ony Clubhouse sosial ulgamynda söhbetdeşlige çagyrdy.

Şeýle hem Mask W.Putin “bilen gürleşmegiň uly hormat boljakdygyny” rus dilinde belledi.Bir aý öň Mask rus dilinde sowet raketasynyň we kosmos tehnikasynyň baş konstruktory Sergeý Korolýowy örän gowy adam diýip atlandyrdy.

Bu barada ol 12-nji ýanwarda Twitterde “Roskosmosyň” Korolýowyň doglan gününi bellemek baradaky habaryna jogap hökmünde ýazdy.Clubhouse bu diňe çakylyk boýunça elýeterli bolan sesli gürrüňdeşlik üçin audiomazmunly programma.

Sosial ulgamda ulanyjylaryň dürli mowzuklary ara alyp maslahatlaşyp biljek “otaglary” bar, diňleýjiler bolsa dürli gepleşiklere “girýärler”, “çykýarlar”.

Ýene degişli makalalar

“Ýylyň adamy” üçin finalistler belli boldy
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi
Mask täzelenen “Twitter”-i dünýäniň iň gymmatly brendi etmegi meýilleşdirýär
“Twitter” nyşanyny “X” diýip üýtgetdi
Forbes: Mask sanawyň başyna dolandy
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy