“Ýylyň adamy” üçin finalistler belli boldy

“Time” žurnaly tamamlanyp barýan 2023-nji ýylynyň ahyrynda sahabyna ýerleşdirip biljek adamlaryň sanawyny ýaýratdy.Sanawda, esasan, üç at bar.Olar “Hollywood”-da iş taşlaýyş eden artistler we ssenariçiler, “Barbie” filmi hem-de aýdymçy Teýlor Swift.

Habarlar žurnaly her ýylda “Ýylyň adamyny” saýlaýar.Kimiň saýlanandygy ertir hepdäniň üçünji güni belli bolar.Neşir “Ýylyň adamy” hökmünde haýsydyr bir adam, topar ýa-da bir ýyllap dünýäde täsirli bolan konsept bolup biljekdigini mälim etdi.

Bellenilişine görä, onuň gowy, erbet ýa-da güýçli bolmagy hökman däl, esasy zat täsirli bolmaly.Teýlor Swiftiň şu ýylyň dowamynda dürli ýurtlarda beren konsertlerine müňlerçe adam stadionlarda tomaşa etdi.

Onuň konserti kinoteatrlarda hem şowly netije berdi. “Barbie” filmi hem gyz çagalaryň halaýan oýunjagynyň meşhurlygyny artdyrmagy başardy. “Hollywood”, esasan, zähmet haklary, saglygy ätiýaçlandyrylyşy we emeli aň bilen bagly närazylyklary hem ýylyň täsirli wakalarynyň biri boldy. Şeýle bolansoň, bilermenler şu üçüsinden biriniň saýlanyp bilinjekdigini mälim edýär. Şeýle-de bolsa sanawda “OpenAI” emeli aň kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman, Birleşen Patyşalygyň Koroly Karl III, Abş-nyň Merkez bakynyň başlygy Jerom Powell, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we beýlekiler bar.

Geçen ýyl “Ýylyň adamy” hökmünde Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, 2021-nji ýylda işewür Ilon Mask saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Nowak nobatdaky rekordy täzeledi
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Merriam-Webster ýylyň sözüni mälim etdi
Time žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi
Putin ýylyň adamy diýen ady almak boýunça dalaşgärleriň sanawyna girizildi
20-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary