Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary

Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň  ileri tutulýan ugurlary

Prezident saýlawynyň 28-nji maýda geçirlen ikinji tapgyrynda gaýtadan wezipesine saýlanan Prezident R.T.Erdogan, ilkinji daşary ýurt saparyny 2023-nji ýylyň 12-13-i iýunynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna we Azerbaýjana gurady. Şeýlelikde Türkiýe Respublikasynyň döwlet däbi dowam etdirildi.

Prezident Erdogan saparynyň çäginde DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.Ilham Aliýew bilen Prezident R.T.

Erdogan duşuşykda Azerbaýjan-Türkiýe uniwersitetiniň açylmagy meselesi hakynda pikir alyşdy.Duşuşykdan soň metbugata beýannama beren Prezident Erdogan, Türki döwletler guramasynyň täsiriniň güýçlendirilmegi üçin tagalla etjekdiklerini aýtdy.Prezident Erdogan “Türkiýe asyry enşalla şol bir wagtda Türk dünýäsiniň asyry bolar” diýdi.

2023-nji ýylyň iýun aýynyň 13-14-i aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde Türki döwletler guramasynyň Bilim ministrleriniň 7-nji maslahata geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň Bilim ministrleri bilen orunbasarlary gatnaşdy. Özbegistanyň Bilim ministri Hilola Umarowa maslahata, Türki döwletler guramasynyň çäginde Al Harezmi halkara ýaş matematikaçylar olimpiadasynyň geçirilmegini teklip etdi.

2023-nji ýylyň iýun aýynyň 15-16-y aralygynda Daşkent şäherinde 21-nji asyrda Ýüpek ýoly: Döwrebap gatnaw we logistiki tehnalogiýalar atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkiýeden, Azerbaýjandan we Özbegistandan hünärmenler gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Daşkent döwlet Ulaglar uniwersitetiniň, Stambul Tehniki uniwersitetiniň we Azerbaýjanyň Tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk teswirnamasy baglaşyldy.

2023-nji ýylyň iýun aýynyň 15-de Pakistanyň Premýer-ministri Muhammed Şahbaz Şerif Azerbaýjana resmi sapar gurady. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Pakistanyň Premýer-ministri Muhammed Şahbaz Şerif özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Bişkekte Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşdy. Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas duşuşykda Gyrgyzstan bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini aýtdy. Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Malikiniň awgust aýynda Gyrgyzstana sapar gurajakdygy nygtaldy.

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem 2023-nji ýylyň 17-nji iýunynda Azerbaýjanda saparda boldy. Minnihanow saparynyň çäginde Garabaga hem bardy.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky howa köprüsine ýene-de biri goşuldy. Izmir-Baku uçar saparlary başlady. Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwa Ankara, Bodrum we Stambul şäherlerinden hem uçar saparlary guralýar. AnadoluŽet şu ýyl Ankaradan Bişkek, Daşkent we Astana şäherlerinde hem uçar saparlaryny başladypdy.

Türkiýäniň we Azerbaýjanyň raýat awiasiýasy müdürlikleriniň ýolbaşçylary Stambulda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň arasynda ýene-de 5 nokada uçar saparlarynyň başlamagy boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şeýlelikde Türki Döwletleriň arasyndaky howa gatnawy gün saýyn pugtalanýar.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Atym bar ganatym bar
Gazagystandaky Wakalar
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy möwsümi tamamlandy
TÝL ― 2021: Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy