Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellener

Ertir, 11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti Özbegistanyň taryhy Samarkant şäherinde geçiriler. Bu sammitde gurama täze baş sekretary bellenilmegine garaşylýar. Garaşylyşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kubanyçbek Omuraliýewiň Türki Döwletleriň Guramasynyň baş sekretary wezipesine saýlanylmagyna garaşylýar.

Guramanyň baş sekretary 3 ýyl möhlet bilen saýlanýar. Häzirki wagtda bu guramanyň baş sekretarlyk wezipesini Bagdad Amraýew alyp barýar.

Bu barada “www.uzdaily.uz” internet neşiri habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Samarkant sammiti öz işine başlady
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar
Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar
Samarkantda Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçiriler
10-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler