Samarkant sammiti öz işine başlady

Samarkant sammiti öz işine başlady

Özbek metbugatynyň habaryna görä, Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi öz işine başlady. Çäräniň öňüsyrasynda gatnaşyjylaryň bilelikdäki surata düşmek çäresi geçirildi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilýän mejlise Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle hem synçy ýurt hökmünde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban hem-de sammitiň hormatly myhmany hökmünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem guramanyň Baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşýar.

Munuň özi Türki Geňeşiniň ýerine döredilen Türki Döwletleriň Guramasynyň ilkinji sammitidir.

Türki halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen häzirki zaman döwletleri birleşdirýän Türki Geňeş halkara guramasy 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň Prezidentleri tarapyndan döredildi. 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde olara Özbegistan hem goşuldy.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda ýerleşýän Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň VIII sammitinde Türki Geňeş Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Şol sammitde Türkmenistan synçy agza hökmünde bu gurama kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystana sapar bilen barar
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar