Türkiýä Täze Uçuş Ugurlaryny Açmaga Dowam Edýär

Türkiýä Täze Uçuş Ugurlaryny Açmaga Dowam Edýär

2020-nji ýylda Ýewropada iň köp uçuş eden kompaniýa bolan Türk howaýollary maý aýynda Türkiýäniň beýleki materikler bilen gatnaşygyny artdyrdy.

130-a golaý ýurda uçuş edýän Türk howaýollary esasan-da Orta Aziýadaky, Balkan ýurtlaryndaky we Kawkazdaky toruny giňeltdi.

Şol ugurlardan biri hem Gazagystanyň taryhy Türkistan sebiti. İlkinji Türkistan-Stambul sapary 21-nji maý amala aşyrylypdy.

Türk howaýyllary Türkistan şäherine gönüden uçuş eden ilkinji halkara howa ýollary komaniýasy boldy.

Stambulda Ürgenç we Fergana şäherlerine hem uçuşlara başlan THÝ, Özbegistandaky uçuş nokadyny 4-e ýetirdi.

Azerbaýjan bilen gatnaw sanyny artdyran kompaniýa, Stambul-Genje saparlaryna ýaňadandan başlady.

THÝ-niň Antalýadan we Bodrumdan Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopiýa gönüden uçuşlary bolsa 23-nji maýda başlady.

ABŞ we Kanada bilen türkiýäniň arasyndaky uçar saparlarynyň sany hem artdyryldy. 3 maýda Wankower şäherine uçuşlara başlan THÝ Kanadada 3 nokada gatnaw toruny açdy.

Ýene degişli makalalar

Zaki Walidi Togan
Türki Dilli Ýurtlaryň Türkiýe Bilen Howa Gatnawy Ösýär
Orta Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin elektrik tok kesilmeler başdan geçirilýär
Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy
Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
ABŞ Türkmenistany mejbury zähmeti höweslendirýänleriň sanawyndan aýyrdy