ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken Türkiýe we Hindistan ýaly ýurtlara ABŞ-nyň harby satuw tapgyrlarynyň gysga we netijeli bolmalydygyny beýan etdi.
Blinken Wekiller Palatasynyň Halkara gatnaşyklar Komitetinde býujet boýunça geçirilen maslahatynda Amerikan daşary syýasatyny analiz edýärkä ýurdunyň daşary ýurtlara ýarag satuwlary hakynda beýannama berdi.
Blinlen Günorta Korolaýna ştatynyň halk deputaty Jo Wilsonuň “Meniň pikirimçe daşary ýurtlara harby satuwlarymyz ýerliksiz býurokratiýa sebapli bökdelýär.Mysal üçin Türkiýe we Hindistan ýaly ýaranlarymyza kömek edip, olar bilen işleşmek üçin býurokratiýany nähili ýeňip bileris” diýen soragyna jogap berdi.
Amerikaly ministr; “Siziň pikiriňize goşulýaryn, biziň daşarky satuwlarymyz ýeňilleşdirilmeli, esasanda gyssagly bolanlary.Ol, hakykaty aýtmaly bolsam ýerine ýetiriş organlaryny gyzyklandyrýar, elbetde Konresem.Bu möhüm, sebäbi eger biz şol ýurtlara hyzmatdaşlyk pozisiýasynda bolsak, Russiýa bilen ozaldan bäri goranyş gatnaşygy bolmadyk köp sanly ýurt, şol gatnaşyklaryny gaýtadan seljerer” diýdi.
