Türkiýäniň Daşary işler ministri Balkan ýurtlaryna sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Balkan ýurtlaryna sapar gurar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 15-19-njy iýun aralygynda Serbiýa, Horwatiýa, Bosniýa-Gersegowina we Kosowa döwletlerine sapar gurar.

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Mewlüt Çawuşoglynyň gurajak saparynda, ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde güntertibiniň ileri tutulýan sebitleýin we halkara meseleleriň ele alynmagy göz öňünde tutulýar.

Mewlüt Çawuşogly ady agzalan ýurtlardaky kärdeşleri, döwlet we hökümet baştutanlary we mejlisiň başlyklary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer we türk jemgyýetiň wekilleri bilen duşuşar.

Beýleki tarapdan Mewlüt Çawuşogly 16-njy iýunda Demirgazyk Makedoniýanyň Ohri şäherinde geçiriljek II Prespa dialogy forumyna gatnaşar, ýokary derejeli resmi açylyşda çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi