Türkiýäniň derman öndüriji kompaniýasy Türkmenistan bilen eksport şertnamasyny baglaşdy

Türkiýäniň derman öndüriji kompaniýasy Türkmenistan bilen eksport şertnamasyny baglaşdy

Türkiýäniň derman öndüriji “Türk İlaç ve Serum Sanayi A.Ş.” (TRILC) kompaniýasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen 4 million 994 müň 137,50 ABŞ dollary möçberinde eksport şertnamasyny baglaşdy. Bu barada kompaniýa 2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Jemgyýetçilik maglumatlaryny doly beýan etmek platformasynda (KAP) habar berdi diýip, “Finans Anlık” neşiri ýazýar.

Baglaşylan şertnama laýyklykda, derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly syworatkalaryň iberilmegi göz öňünde tutulýar. Harytlaryň ibermek işlerini 2026-njy ýylyň fewral aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sargytlar kabul edilip, önümçilik we logistika işleri tassyklanan tertipde durmuşa geçiriler.

Baş edarasy Ankara şäherinde ýerleşýän “Türk İlaç ve Serum Sanayi A.Ş.” kompaniýasy derman serişdeleriniň giň görnüşini öndürmek boýunça ýöriteleşendir. Şeýle hem kompaniýa dermançylyk, weterinariýa we kosmetika önümlerini eksport etmek, marketing işini alyp barmak hem-de wekilçilik işi bilen meşgullanýar.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Ýanwarnoýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçdi
Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny maslahatlaşdylar
Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler
Aşgabatda TSTB-niň 18 ýyllygy mynasybetli sergi guralar