Türkiýäniň IIM Süleýman Soýly Türkmen Blogçysyna telefon etdi

Türkiýäniň IIM Süleýman Soýly Türkmen Blogçysyna telefon etdi

Bir gün öň Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda tussag edilen bir türkmen blogçysynyň Türkiýäniň prezidentine we bu ýurduň içeri işler ministrine ýüz tutandygyny habar berdik.

Türkmen blogçysy Farhad Durdyýewiň “ÝuTube” ulgmaynda “Azat Türkmen” kanalyna aýtmagyna görä, oňa Türkiýäniň IIM Süleýman Soýly çarşenbe güni telefon edip, başyndan geçiren gorkunç wakalar barada ähli maglumatlary gürrüň bermegini sorapdyr.

Ministr Soýly ýaş blogçyny gazaply urup-ýenjenleriň jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini, ony gorap-goldajakdygyny we iň ýakyn wagtda Stambula gelende, Farhad Durdyýew bilen ikiçäk duşuşjakdygyny söz beripdir.

Şonuň ýalyda, ministr Süleýman Soýly tussag edilen türkmen aktiwistleriniň tiz wagtda azatlyga goýberiljekdigini hem habar beripdir.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatlaryna laýyklykda, 4-nji awgust gijesi 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde Türkmen aktiwistleriniň şowsuz protesti wagtynda tussag edilen 10 adamyň 9-sy boşadyldy.

Olar Jumasapar Dädebaýew (35), Nurmuhammet Annaýew(40), Enejan Salyhowa(49),Kamila Abulowa (35), Halnazar Gaýypow(29), Gadam Täçnazarow(37), Gowşut Orazkuliýew (30), Nargiza Mätýusupowa (39), Döwran Annaýew(36).

Diňe 46 ýaşly Serdar Hojanepesow Stambuldaky deportasiýa merkezinde saklanýar we onuň hem tiz wagtda boşadylmagyna garaşylýar diýip türkmen aktiwistleri “TH-niň” habarçylaryna maglumat berýärler.The post Türkiýäniň IIM Süleýman Soýly Türkmen Blogçysyna telefon etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Stambuldaky şowsuz protestden soňra 10 sany türkmen raýatyny tutdylar
Stambul: hakyna tutma režim tarapdarlary’ protest aksiýasyna baran türkmen migrantlaryna hüjüm etdi
Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda