Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakyldy

Türkiýäniň Prezidentine Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda bu şanly waka mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyny dakmak barada karara gelendigini aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň ýekşenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.

“Döwletara hyzmatdaşlygymyzy alyp barmakda biz hemişe “Bir millet — iki döwlet” diýen esasy ýörelgä esaslanýarys. Bu bolsa, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de halkara giňişlikde özara ysnyşykly hereket etmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti köp sanly türk kompaniýalarynyň ýurtda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalara gatnaşmagy bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmäge we durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandyklaryny nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ähli türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu ýokary adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Türkiýede ýerli saýlawlar geçdi
Gurbanguly Berdimuhameow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär