Türkiýäniň wise-prezidentiniň Türkmenistana sapary

Türkiýäniň wise-prezidentiniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de Prezidente özi üçin amatly pursatda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge iberen çakylygyny gowşurdy. Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen umumy taryhy köklere we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli jogap sözlerini aýtdy we ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly sebitara hem-de halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegini, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän hökümetara toparyň işine wajyp ornuň degişlidigi nygtaldy.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap senagat düzüminiň döredilmegine, iş tejribesine häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň we oňyn işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, daşary ýurtly, şol sanda türk hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli gatnaşyklara oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de uzak möhletleýin esasda ösdüriljekdigine, anyk many-mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary