Türkiye ançous balygynyň eksportyny artdyrdy

Türkiye ançous balygynyň eksportyny artdyrdy

Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen maglumata görä Türkiye geçen ýyl dünýäniň 26 ýurduna ançous balygyny eksport etdi.

2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlary aralygynda 11 million 137 müň 463 dollar hökmünde hasaba alynan ançous eksportyndan alynan girdeji, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 23 göterim artyp 13 million 745 müň 45 dollara ýetdi.

Mukdar boýunça 2022-nji ýylda 1 müň 102 tonna amala aşyrylan eksport, 2023-nji ýylda 3 müň 54 tonna ýetip, 2022-nji ýyla garanyňda 45 göterim artdy.

Ançous balygy esasan hem Fransiýa, Belgiýa we Germaniýa ýaly ýurtlara satyldy.

2023-nji ýylda 2022-nji ýyla garanyňda Şwesiýa, Öbegistan, Yrak, Moldawiýa, Malaýziýa we Somali döwletlerinede ançous balygy eksport edildi.

Ýene degişli makalalar

Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi
Howanyň üýtgemeginden çekilen zeper hasaplandy
Howanyň üýtgemeginden çekilen ählumumy ýitgi hasaplandy
Somaliniň lideri: "Türkiyäniň berýän kömeklerinden hoşaldyrys" diýdi
Somalide guralan bombaly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Somalide harby baza hüjüm guraldy