Somaliniň lideri: "Türkiyäniň berýän kömeklerinden hoşaldyrys" diýdi

Somaliniň lideri: "Türkiyäniň berýän kömeklerinden hoşaldyrys" diýdi

Somaliniň Prezident diwanyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Prezident Mahmud Türkiyäniň Mogadişu şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ibrahim Mete Ýagly bilen geçiren duşuşygynda, Türkiye bilen Somaliniň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi.

Türkiyäniň Somala berýän goldawlaryndan hoşaldyklaryny aýdan Mahmud, iki ýurduň arasynda galkynyş we howpsuzlyk ugurlaryndaky gatnaşyklaryň artýandygyny habar berdi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 2011-nji ýyldaky Somali döwletine guran saparyndan soň tiz depginler bilen özgerdi.

Iki ýurduň ykdysady, howpsuzlyk we medeni ugurlardaky gatnaşyklary barha artýar.

Ýene degişli makalalar

Ibrahim Kalyn Somaliniň prezidenti Hasan Şeýh Mahmud bilen duşuşdy
Prezident Erdogan Somaliniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Ukrainaly we Somalili Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar