“Türkiýe Bilen Müsüriň Arasyndaky Gatnaşyklaryň Ösmegi İki Ýurt Taýdan Hem Bähbitli”

“Türkiýe Bilen Müsüriň Arasyndaky Gatnaşyklaryň Ösmegi İki Ýurt Taýdan Hem Bähbitli”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginiň iki ýurt taýdan hem bähbitli bolandygyny aýtdy.

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Müsürden berlen ynsanperwer kömegini alyp gelen gämi Mersin portuna geldi.

Mewlüt Çawuşoglu bilen Müsür Daşary işler ministri Samih Şurki gämini portda garşylady.

Ministr Çawuşoglu Müsürli kärdeşi bilen Mersin portuna metbugata beýannama berdi.

Ýer titremelerinde ejir çekenler üçin beren kömekleri sebäpli Müsüre we halkyna sagbolsun aýdan Çawuşogly, 6-njy fewralda bolan ýer titremeleriniň yzy ýanyndan Müsürden kömek gelmäge başlandygyny nygtady.

Mewlüt Çawuşoglu “Müsür döwleti we halky Türkiýäniň we türk halkynyň dostu we doganydygyny başdan geçirlen agyr günlerde görkezdi. Ýene-de bir gezek sagbolsun aýtmak isleýärin” diýdi.

Çawuşoglu, Müsür bilen edilýän gatnaşyklarda täze sahypa açylandygyny, Prezident R. T. Erdogan bilen Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisiniň Kataryň paýtagty Dohada bolan duşuşygynyň netijeli geçendigini ýatlatdy.

Ministr Çawuşoglu, “Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurt taýdan hem bähbitli, şol bir wagtda sebitimiziň durnuklylygy, asudalygy we galkynyşy taýdan hem diýseň möhüm. Gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalanmagy üçin birlikde tagalla etmäge dowam ederis. Müsürli doganym Şükrüniň Türkiýä gelmegi bizin üçin diýseň möhüm. Ýurdumyza guran sapary üçin oňa uly minnetdarlyk bildirýärin” diýip belledi.

Müsüriň Daşary işler ministri Şukri bolsa, Müsüriň hökümeti we halky hökmünde türk doganlarymyza goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Çawuşogly: "Eden-etdiliklere ýol bermeris" diýdi
Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
1490 Adamy Sudandan Çykardyk
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkiyäniň raýatlarynyň Sudandan ewakuasiýa tapgyry tamamlandy