Türkiýe Malide guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýe Malide guralan hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Maliniň Timbuktu sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde MINUSMA-nyň çäginde iş alyp barýan Kot-d'Iwuardan 4 esgeriň ýogalandygy we 5 esgeriň ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk" diýip bellendi.

Kot-d'Iwuaryň halkyna we hökümetine gynanç bildirilen beýanatda: "Bu terrorçylykly aksiýany ýazgarýarys. Dostlukly we doganlyk Kot-d'Iwuar döwletiniň halkyna we hökümetine çuňňur gynanç bildirýäris, ýogalan adamlaryň maşgalasyna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hemmeleriň halaýan tagamy
Sportuň taryhynda bu hepde
Ýene-de näme goşmaly?!
18-nji Dünýä Kubogy