Türkiýe, Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümleri Ýazgardy

Türkiýe, Owganystanda Guralan Terrorçylykly Hüjümleri Ýazgardy

Türkiýe, Owganystanyň käbir şäherlerinde guralan we köp sanly adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Owganystanyň käbir şäherlerinde bolan partlamalarda köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Hyýanatçylykly terrorçylykly hüjümleri berk ýazgarys. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna, dost we doganlyk owgan halkyna gynanç bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris” diýildi.

Wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçylary, ýurduň Gunduz we Nangarhar welaýatlarynda guralan hüjümlerde 8 adamyň ýogalandygyny we 18 adamyň hem ýaralanandygyny mälim edipdi.

Terror guramasy DAEŞ hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Ýene degişli makalalar

Taliban, DAEŞ-e Agza 65 Adamyň Günäsini Geçdi
Owganystanda güýçli ýer titredi
Pakistanda we Owganystanda adam pidalaryna getiren ýer yranmasy Türkmenistanda hem duýuldy
Owgan türkmenleriniň 'Arbaki' toparlary Gunduzda hüjüme geçdi
ABŞ Owganystanda medresä guralan hüjüm barada heniz resmi beýanat bermedi