Türkiye radikal ysraýyllylar tarapyndan Aksa metjidine güýç ulanyp girilmegini ýazgardy

Türkiye radikal ysraýyllylar tarapyndan Aksa metjidine güýç ulanyp girilmegini ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi: "Basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde, radikal ysraýylly toparlaryň Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň goragy astynda Aksa metjidine güýç ulanyp girilmegini ýazgarýar we kabul edilmesiz hökmünde garaýar" diýip habar berdi.

Beýanatda: "Aksa metjidiniň mukaddesligini we halkara hukuga esaslanýan statusynyň düzgünini bozýan bular ýaly görnüşli hereketlere rugsat berilmezligine we dartgynlygyň artmazlygy üçin Ysraýylyň resmilerini tiz wagtda gerek bolan çäreleri görmäge çagyrýarys" diýip mälim edildi.

Fanatik jöhit ýaşaýjylar Iwrit senenamasyna görä ýylyň ilkinji güni bolan Roş ha-Şana baýramy mynasybetli, düýn irden Aksa metjidine güýç ulanyp giripdiler we Ysraýylyň polisiýa işgärleri herekete nägilelik bildiren palestinalylara garşy güýç ulanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiye we musulman ýurtlary Ysraýylyň Günbatar Şeriýadaky ýerleri basyp almak kararyny ýazgardylar
ABŞ-ly diplomat Nikeýa Geňeşiniň ýyllygyna we sebitleýin gepleşiklere gatnaşmak üçin Türkiyä geler
Ysraýylyň goşuny Jenin bosgun düşelgesini gabaw astyna aldy
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Ýöriş Geçirdi
Ysraýylly esgerler palestinaly ýetginjegi harby ulaga daňyp janly galkan hökmünde ulandylar
Türkiye palestinaly toparlaryň umumy jarnama kabul etmeklerinden hoşal
Ysraýylyň Gazada guran soňky hüjümlerinde ýene-de 55 palestinaly ýogaldy