Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

1011-nji dekabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Karabük uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň toplumyny geçirdi.

Çäreleriň maksatnamasy türkmen halkynyň baý medeni mirasyny hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşlerini şöhlelendirýän surat serginiň açylyşy bilen başlandy.

Soňra Karabük uniwersitetiniň Kongresler zalynda “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy: parahatçylyk we ynanyşmak ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata Karabük we Bolu uniwersitetleriniň ýolbaşçylary, ýerli häkimiýetleriň wekilleri, ylmy jemgyýetiň agzalary, talyplar we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň durnukly binýady bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm ähmiýetini nygtadylar. Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde öňe süren başlangyçlaryň sebitleýin we ählumumy derejede ynanyşmagy, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Maslahat tamamlanandan soňra, işjeň gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan minnetdarlyk hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäreleriň toplumy türkmenistanly talyplar tarapyndan taýýarlanan sungat çykyşlary öz içine alan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Konsert maksatnamasy dostlukly gurşawy döretmek bilen, türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we döredijiliginiň baýlygyny we köpdürlüligini görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler talyp ýaşlaryň arasynda futbol, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt boýunça gurnalan sport bäsleşikleri bilen dowam etdi. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Ilçihanasynyň adyndan kuboklar we medallar gowşuryldy.

Çäreler ýörite taýýarlanan baýramçylyk saçagynyň türkmen milli tagamlaryny hödürlemek bilen tamamlandy. Oňa gatnaşyjylar hoşamaý we erkin ýagdaýda özara pikir alyşmaga, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy we häzirki döwürde gazanan ýokary üstünlikleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ KHBS-I BILEN TASS HABAR AGENTLIGINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINE GARALDY
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri geçirildi
Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi
Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi
Türkmen howa ýollary Moskwa uçuşlaryň möçberini artdyrar, Türkmenistana ýakyn wagtda yssy günler gaýdyp geler, Balkan welaýatynda täze prokuratura binasyny gurmak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar
Ýaş işewürleriň arasynda festiwal geçiriler