Türkiýe siriýalylaryň ýurtlarynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirdi

Türkiýe siriýalylaryň ýurtlarynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirdi

Prezident R. T. Erdogan, siriýanyň halkynyň ähli kynçylyklara garamazdan ýurtlarynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin edýän tagallasyndan hoşaldyklaryny we Siriýanyň 10-njy mart ylalaşygynyň amala aşyrylmagynyň Siriýanyň durnuksyzlygyny isleýän pes-päl aktýorlaryň meýilnamasyny boşjakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan sişenbe güni Ankarada Adam hukuklarynyň ähliumumy güni mynasibetli geçirlen çärede eden çykyşynda “Siriýanyň halkynyň geçen bir ýylyň dowamynda ähli kynçylyklara we Asadyň diktatorlygyndan yzda galan ýykylşyga garamazdan ýurtlarynyň gaýtadan dikeldilmegi üçin edýän tagallasyna hoşallyk bildirýäris” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň we türk halkynyň Siriýa we siriýanyň halkyna ýurduň gaýtadan dikeldilmegi üçin edýän tagallalaryna ähli taraplaýyn goldaw berýändigini aýtdy.

Erdogan Palestindäki ezilen halkyň paýtagty Gündogar İýerusalim bolan garaşsyz Palestin döwletiniň gurlandygyny görjekdigine ünsi çekdi.

Siriýada Prezident Ahmed Şara bilen ÝPG/PKK terror guramasynyň çägindäki SDG Siriýa Demokratik güýçleri 10-njy martda ylalaşyk gazanandyklaryny mälim edipdi.

Ylalaşykda SDG-nyň ýurdyň territorial bitewiligine sarpa goýýandygyny nygtalýar

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan prowokasiýalara garşy duýduryş berdi
Kanadanyň Daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar
Erdogan: Türkiye howa giňişliginiň düzgün bozulmalaryna garşy egilşiksiz göreşýär
Erdogan: “Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiligi Türkiye bolmazdan kämil däl" diýdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Prezident R. T. Erdogan 10 ýyl soň Efiopiýa sapar gurar