Türkiye Şwesiýa gynanç bildirdi

Türkiye Şwesiýa gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Şwesiýada guralan hüjüm barada ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada düýn mekdepleriň birinde guralan hüjüme çuňňur gynanç bildirilýändigi bellenip, ýogalanlaryň maşgalalaryna we Şwesiýanyň halkyna gynanç bildirilýändigi, ýaralananlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklary dilenýändigi aýan edildi.

Şwesiýanyň Polisiýa gullugyndan berilen beýanatda, ýurduň Erebru şäherindäki ýaragly hüjümde takmynan 10 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.

Ýaralanan adamlaryň jemi sanynyň entek anyk bolmandygy bellenen beýannamada, ýogalan adamlaryň şahsyýetleriniň anyklanma işleriniň dowam edýändigi we ýogalan adamlaryň arasynda hüjümçiniň hem bardygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Şwesiýadaky Ilçihanasyna Hüjüm Guraldy
Italiýa bilen Demirgazyk Irlandiýa, Türkiýe bilenem Rumyniýa duşuşar
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Polşadaky türkmen migrantlary iş saparlarynda aldawyň pidasy bolýar
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär